Türkmenistanyň Prezidentiniň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynda 600 baş ahalteke atlaryny saklamaga niýetlenen döwrebap athananyň taslamasyny düzmek hem-de onuň ýanaşyk ýerlerini abadanlaşdyryp, gurmak barada “Nur Bina gurluşyk» hususy kärhanasy bilen şertnamany athana üçin aragatnaşyk, elektrik, gaz, suw üpjünçiliginiň hem-de lagymyň meýdançadan daşarky eltiji inžener ulgamyny we desgalaryny gurmak hem-de olary umumy ulgama birikdirmek işlerini ýerine ýetirmek şertinde baglaşmaga ygtyýar berildi.
Gurluşyk işlerine 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda başlamak we athanany 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda ulanmaga doly taýýar edip tabşyrmak bellenildi. Bu barada TDH habar berýär.
Teswirler