Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky haryt dolanyşygy 1 mlrd dollardan geçdi

Ýakynda hormatly Prezidentimiz Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.  Söhbetdeşligiň barşynda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk gatnaşyklary boýunça pikir alşyldy. Elbetde, Türkmenistan bilen Russiýanyň arasyndaky söwda-ykdysady ulgam hyzmatdaşlygynyň möhüm ugry bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, 2021-nji ýylda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň artandygy kanagatlanma bilen bellenildi.

Ýurdumyzyň statistikasyna laýyklykda, şu ýylyň 8 aýynda 2020-nji ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, haryt dolanyşygy 12,5 göterim artdy. 2021-nji ýylyň 8 aýynda ikitaraplaýyn haryt dolanyşygynyň umumy möçberi 1 milliard 86 million amerikan dollaryna barabar boldy. Munuň özi bolsa hyzmatdaşlygyň köpugurly häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär.

Goňşy döwlet bilen ýurdumyzyň arasynda ynsanperwer ulgamda, şol sanda ylym-bilim we medeniýet hem-de saglygy goraýyş ugurlary boýunça däp bolan hyzmatdaşlygyň işjeň ösdürilýär.

Belläp geçsek, häzirki wagtda türkmen talyplarynyň 36 müňe golaýy Russiýa Federasiýasynyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim alýar.

Öwezmyrat ÇAŇLYÝEW,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok