2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy geçiriler

2021-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hormatly Prezidentimiziň garamagyna Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň 2022-nji ýylda geçiriljek uçdantutma ýazuwynyň Statistika baradaky döwlet komiteti tarapyndan taýýarlanan şygarynyň we nyşanynyň taslamalary hödürlenildi. Milli Liderimiz geljek ýylda geçiriljek ýazuwyň baş maksadynyň ilatyň demografik düzümi hem-de ýurdumyzyň raýatlarynyň durmuş-ykdysady ýagdaýy barada anyk maglumatlary almakdan ybaratdygyny belläp, «Ilat ýazuwy — 2022: Jebislik, Bagtyýarlyk, Röwşen geljek» diýen şygaryň we nyşanyň hödürlenen taslamalaryny makullady. Nyşanda Döwlet baýdagy, türkmeniň ak öýi, türkmen halysynyň gölleri hem-de çäräniň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýan san şekillendirildi.

«2022-nji ýylda Türkmenistanyň ilatynyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwyna taýýarlyk görmek we geçirmek boýunça 2019 — 2024-nji ýyllar üçin Maksatnamada» bu ugurda alnyp barylýan işleriň usulyýet üpjünçiligini emele getirmäge uly üns berilýär. Ilat ýazuwyna taýýarlyk görülýän, onuň geçirilýän döwründe dünýäde toplanan öňdebaryjy tejribeler hem-de milli ykdysadyýetiň aýratynlyklary nazara alynmalydyr. Bu barada Ministrler Kabinetiniň mejlislerinde döwlet Baştutanymyz yzygiderli belläp, degişli çäräni geçirmekde sanly ulgamyň mümkinçiliklerinden peýdalanmagyň zerurdygyny aýratyn nygtady. Munuň özi milli ykdysadyýetiň ulgamlaýyn meselelerini çözmekde häzirki wagtda sanlylaşdyrma hadysasynyň ileri tutulýan ugra öwrülendigi bilen baglanyşyklydyr. Ilatyň we ýaşaýyş jaý gorunyň uçdantutma ýazuwy meýilleşdirilen çäre bolup, ilatyň demografik düzümi, türkmenistanlylaryň durmuş-ykdysady ýagdaýy, ýurtda ýaşaýan ilatyň milli düzümi, olaryň sany we beýlekiler barada takyk statistik maglumatlary ýygnamaga gönükdirilendir.

Umuman, ilat ýazuwyny geçirmek babatda ýurtlaryň arasynda tejribe alşylmagy, bu ugurda dürli meseleler boýunça bilimleriň derejesiniň ýokarlandyrylmagy halkara deňeşdirilýän bahalary üstünlikli emele getirmegiň girewidir.

Kerimberdi ATAÝEW,

Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok