Mälim bolşy ýaly, 4-5-nji oktýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Özbegistan Respublikasyna resmi saparyny amala aşyrdy.
Nobatdaky ýokary derejedäki ikitaraplaýyn duşuşyk döwletara gatnaşyklaryň okgunly ösýändiginiň aýdyň subutnamasydyr. Taryhyň dowamynda kemala gelen dostluk hem-de hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklary, medeni we ruhy däpleriň umumylygy şol gatnaşyklaryň esasyny düzýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi saparyny tamamlap Aşgabada gelende, paýtagtymyzyň Halkara howa menziliniň we onuň töwerekleriniň yşyklandyrylyşynyň özboluşly aýratynlyklaryna üns berdi. Häzirki wagtda Aşgabat dünýäniň iň owadan şäherleriniň biri hökmünde ykrar edildi. Onuň bezeg aýratynlyklarynyň biri hem gijeki yşyklandyrylyşy bilen baglydyr. Dürli öwüşginli çyralar paýtagtymyzyň gözelligini has-da artdyrýar. Döwlet Baştutany şäheriň her bir künjeginiň, şol sanda dürli maksatly desgalaryň degişli yşyklandyryş ulgamlary bilen üpjün edilmelidigini belläp, bu babatda wise-premýer Ç.Purçekowa anyk tabşyryklary berdi. Şunuň bilen baglylykda, paýtagtymyzda, şeýle hem tutuş ýurdumyzda binalaryň we desgalaryň, şol sanda ýol-ulag düzümine degişli desgalaryň bezegine, olaryň yşyklandyrylyşyna uly üns berilmelidir diýip, Türkmenistanyň Prezidenti aýtdy.
Türkmenistanyň Prezidenti soňky ýyllarda paýtagtymyzyň binagärlik keşbinde, onuň gijeki görnüşinde innowasion tehnologiýalaryň we sanly ulgamlaryň işjeň ulanylýandygyny belledi. Ýurdumyzyň baş şäheriniň bezegine, dürli yşyklandyryş çözgütleri arkaly özboluşly öwüşgini döretmäge toplumlaýyn çemeleşmegiň zerurdygyny nygtap, degişli görkezmeleri berdi hem-de bu ýerden ugrady.
Begenç Annageldiýew,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň
Inžener-mehanika fakultetiniň mugallymy.
Teswirler