Ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy dowam edýär

Şu günler ýurdumyzyň Daşoguz welaýatynda mäş ýygymy gyzgalaňly ýagdaýda dowam edýär. Şu ýyl mäş güýzlük galladan soň aralyk ekin hökmünde ekildi. Meýdanlardan ýygnalýan hasyl «Daşoguzgallaönümleri» önümçilik birleşiginiň kabul ediş nokatlaryna tabşyrylýar.

Häzirki wagtda 550 gektar meýdanynda mäş ekilen Köneürgenç etraby ýygymda öňdeligi saklaýar. Welaýatyň S.Türkmenbaşy etrabynyň babadaýhanlary bolsa, 700 gektara bu kösükli ekini ekip sebitiň beýleki etraplaryna garanda bol hasyl almagy göz öňünde tutýarlar. Meýdanlardan ýygnalýan hasyl barlaghanalarda berk gözegçilikden geçirilýär. Daşoguz welaýatynyň daýhanlary her gektardan azyndan 15 sentner hasyl almagy meýilleşdirýärler.

Soňky ýyllarda Daşoguz welaýatynda suwy az talap edýän şeýle-de topragyň mesligini güýçlendirýän ekinlere uly üns berilýär. Welaýatda mäşden başga-da, ýene iki ýüz elli gektar meýdana guraklyga we dürli kesellere çydamly noýba ekildi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok