Türkmenistanyň Prezidentiniň Özbegistana resmi sapary başlandy

Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow resmi sapar bilen Özbegistan Respublikasynyň paýtagty Daşkent şäherine bardy.  Islam Karimow adyndaky Halkara howa menzilinde Türkmenistanyň Prezidentini Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew garşylady.

Türkmen Lideri Daşkent şäherindäki Garaşsyzlyk meýdanyna bardy we gül goýdy.

Saparyň çäklerinde  Kuksaroý kabulhanasynda ýokary derejedäki türkmen-özbek gepleşikleri geçiriler. Gepleşikleriň barşynda söwda, ulag we üstaşyr, energetika, senagat, oba hojalygy we suw dolandyryşy boýunça hyzmatdaşlyk taslamalaryny ösdürmek, iki ýurduň sebitleriniň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmek ýaly ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilen meseleleriň giň toplumy ara alnyp maslahatlaşylar.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok