Döwlet hökmünde dünýäde öz ornuňy tapmak, özüňi ykrar etdirmek ýeňil-ýelpaý iş däl. Bu mesele Garaşsyzlygyny gazanan islendik ýaş döwletiň öňünde keserýän ilkinji mesele. Dünýädäki set-müň halkyň, milletiň ählisine, asla, garaşsyz döwletli bolmak bagty-da miýesser etmändir. Onsoň, Garaşsyzlyk diýen her kese ýetdirmeýän bagty gazananyňdan soň, ony näderejede apalamalydygy, goramalydygy öz-özünden düşnüklidir. “GARAŞSYZLYK” hem-de “BITARAPLYK” – bu iki mukaddeslik indi çärýek asyrdan gowrak wagtyň içidir dünýä kartasyna keşde ýaly ýaraşyp duran Türkmenistan döwletiniň goşa ganaty, milletimiziň döwletliliginiň güwäsi bolup durýar.
Bitaraplyk — bu biziň parahatçylyga, asudalyga bolan söýgimiz. Hemişelik Bitaraplygymyzyň eşret-höziri ýurdumyzyň ähli ulgamlarynyň ösüşinde, halkara gatnaşyklarynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli pugtalandyrylmagynda we berkemeginde aýdyň ýüze çykdy. Ýagny, Bitaraplyk ýyllary içinde ýurdumyzyň ähli ulgamlarynda düýpli özgermeler durmuşa geçirildi.
Hormatly Prezidentimiz: “Hoşniýetli Bitaraplyk, ata-babalarymyzyň ädimme-ädim sünnäläp gelen iňňän ynsanperwer ýol-ýörelgeleriniň biridir” diýip, Bitaraplygyň kökleriniň halkymyzyň müňýyllyklara uzaýan taryhy bilen aýrylmaz baglanyşyklydygyna ünsi çekýär. Türkmen halky taryhyň uzak döwründe öz ýaşaýyş-durmuşyna, goňşular bilen gatnaşygyna zerur bolan ynsanperwerlik gymmatlyklaryny döredip, sada-sagdyn ýörelgelere eýerip, öz asyl ruhy gymmatlyklaryny aýawly saklap, olary durmuşyň ähli ugurlarynda ykrar edip gelipdirler. Türkmen halky elmydama agzybirlige we Bitaraplyga ymtylypdyr. Şu hili sagdyn ýörelgeleri jemgyýetiň ýaşaýşynyň we beýleki halklar bilen gatnaşygynyň durnuklylygyna, agzybirligine hyzmatdaşlyga hemaýat edýär.
Gurban BEGALYÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň mugallymy.
Teswirler