“CNPC” kompaniýasyna Lebap welaýatynyň çäginden kärende ýer berildi

Hytaýyň Milli nebitgaz “CNPC” korporasiýasyna Lebap welaýatyndaky “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn sebitinde ýerleşýän gaz känleriniň ýerüsti desgalaryna niýetlenen suw üpjünçilik ulgamlaryny çekmek üçin kärende ýer berildi. Ýurdumyzyň resmi metbugatynyň habar bermegine görä, kärendä beriljek ýeriň umumy meýdany 26,55 gektar bolar.

Hormatly Prezidentimiz tarapynda gol çekilen resminama laýyklykda, “CNPC” kompaniýasyna Lebap welaýatynyň Farap etrabynyň çäklerinde Amyderýa ýanaşyk suw toplanýan desgany gurmak üçin meýdany 18 gektar bolan ýer bölegini, şeýle hem suw geçiriji we oňa ýanaşyk ýollary gurmak üçin meýdany 8,55 gektar ýer kärendä bermek bellenildi.

Suw toplanýan desgany gurmak üçin ýer Önümi paýlaşmak hakyndaky şertnamanyň hereket edýän döwrüne çenli, suw geçirijini gurmak üçin ýer bolsa gurluşyk-gurnama işleriniň tamamlanýan döwrüne çenli berler.

Belläp geçsek, sentýabr aýynyň başynda “Bagtyýarlyk” şertnamalaýyn çägiň günbatar bölegindäki gaz ýataklarynyň ýerüsti desgalarynyň gurluşygyna başlandy. Taslamanyň çäklerinde ýataklaryň altysy – Gadyn, Demirgazyk Gadyn, Iljik, Gündogar Iljik, Kiştuwan we Günbatar Kiştuwan ýataklary ulanmaga beriler. Bu taslama 24 aý dowam eder.

Göwher BAÝRAMOWA,

Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok