2020-nji ýylda esaslandyrylan «Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti ýakynda, polipropilen ýüplükleriň önümçiligini ýola goýdy. Kärhana önümçiligini Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalarynyň Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň çäginde ýerleşýän senagat zolagynda alyp barýar.
Kärhanada önüm öndürmek üçin gerekli çig mal Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumyndan, Gyýanlydaky polimer zawodyndan alynýar. Bu ýerde dürli reňkli polipropilen ýüplükleriň birnäçe görnüşi öndürilip, olar halkara ülňülere doly laýyk gelýär.
Kärhanada Ýewropanyň öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrylan. Bu ýerde her günde ýokary hilli polipropilen ýüplükleriň 22 tonnasy öndürilýär. Kärhanada kämil enjamlara ezberlik bilen erk edýän ýaşlaryň ýigrimi bäşden gowragy zähmet çekýär. Öndürilýän polipropilen ýüplükler haly we haly önümlerini dokamak üçin giňden ulanylýar. Polipropilen ýüplüklerden dokalan halylar şekilini we reňkini uzak wagtlap saklaýandygy, berkligi bilen tapawutlanýar. Şeýle bolansoň, bu önümlere isleg ýokary bolup durýar.
«Bagtyýar gurluşyk» hojalyk jemgyýeti öndürýän önümleriniň aglabasyny daşary ýurtlara ugradýarlar. Ýakynda polipropilen ýüplükleriň ilkinji tapgyry, ýagny 40 tonnasy Türkiýe Respublikasyna ugradylar.
Göwher BERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler