Şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onda Türkmenistanyň Prezidenti Adalat ministrligine täze ýolbaşçyny bellemek hakynda Permana gol çekdi.
Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň 3-nji derejeli döwlet geňeşçisi Begmyrat Muhammedow başga işe geçmegi sebäpli Türkmenistanyň adalat ministri wezipesinden boşadyldy. Ol Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ygtyýaryna iberildi.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 71-nji maddasynyň 16-njy bendine laýyklykda, ýustisiýanyň uly geňeşçisi Merettagan Taganow Türkmenistanyň adalat ministri wezipesine bellendi.
Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti ýustisiýanyň kiçi geňeşçisi Batyr Myradowy Türkmenistanyň adalat ministriniň orunbasary wezipesine belläp, ony Balkan welaýatynyň prokurorynyň orunbasary wezipesinden boşatdy.
Teswirler