Magtymguly Pyragynyň ýagygärligi bina edilýär.

Gülläp ösýän ajaýyp ýurdumyzda Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ýurdumyzyň binagärlik sungaty yzygiderli ösüşlere eýe bolýar. Häzirki wagtda hem Paýtagtymyz Aşgabatda Saglyk ýolunyň ýanyndan Magtymguly Pyragynyň heýkeli gurulýar. Bu ýadygärligiň beýikligi 60 metr, ini bolsa 25 metr bolup, ol heýkel sap bronzodan ýasalýar. Şeýle-hem ol ýadygärligiň daş-töweregi seýilgäh ediler. Ýadygärligi ýasaýan ussat suratkeşimiz Saragt Babaýewdir.

Bu bina 2024-nji ýylda ýurdumyzda giňden belleniljek Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýine sowgat bolar.

Çarygeldi Amandurdyýew,
Türkmen döwlet binagärlik – gurluşyk institutynyň
Ykdysadyýet we dolandyryş fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok