Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Özbegistan Respublikasyna resmi saparynyň çäginde Türkmen-özbek ykdysady forumy Daşkende geçirildi.
Foruma iki goňşy döwletiň esasy ykdysady ministrlikleriniň we müdirlikleriniň, telekeçilik düzümleriniň ýolbaşçylary senagat, energiýa, oba hojalygy we ulag pudagyna maýa goýmak meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar. Ykdysady forumyň barşynda anyk maýa goýum taslamalary we ykdysady pudakda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.
Forumda Özbegistanyň wise-premýeri Sardor Umurzakow Özbegistan bilen Türkmenistanyň arasyndaky söwda dolanyşygynyň üç esse artandygyny we şu ýylyň sekiz aýynda 25% ýokarlandygyny belledi.
Bar bolan resmi maglumatlara görä, 2020-nji ýylda iki ýurduň arasyndaky söwda dolanyşygy 527 million ABŞ dollaryna, şu ýylyň ýanwar-awgust aýlarynda bolsa 418 million 100 ABŞ dollaryna deň boldy. Bulardan başga-da, 2021-nji ýylyň sekiz aýynda ýurtlaryň çäginden üstaşyr gatnawlaryň mukdary 13,5% ýokarlandy. Aşgabat ylalaşygynyň çäginde döwletler Russiýa-Gazagystan-Özbegistan-Türkmenistan-Eýran-Oman-Hindistan we Hytaý-Merkezi Aziýa-Hazar-Günorta Kawkaz-Ýewropa sebitleýin ulag geçelgelerini döretmäge gatnaşýarlar. Bu geçelgeleriň Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary ýurt bazarlaryna çykmagyny has-da işjeňleşdirmegine garaşylýar.
Forumynyň çäginde ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol çekildi.
Gaýgysyz KERIMOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler