Türkmenistan «EKSPO-2020» sergisine gatnaşýar

Birleşen Arap Emirliklerinde «EKSPO-2020» Bütindünýä sergisiniň  dabaraly açylyşy boldy. Açylyş mynasybetli Dubaýyň asmanynda uçarlaryň çykyşlary boldy. Şeýle hem serginiň açylyşynda italiýaly aýdymçy Andrea Boçelli, arap we günbatar ýyldyzlary çykyş etdiler.

Halkara derejeli sergä ýüzden gowrak döwlet gatnaşýar, şol sanda sergä Türkmenistan hem onda özüne mynasyp orun tutýar. Türkmenistanyň milli äheňde bezelen pawilýony halkymyzyň ýörelgelerini we medeniýetini beýan edýär. Türkmen sergi merkeziniň girelgesinde myhmanlary ençe asyr bäri milletiň buýsanjyna öwrülen ahalteke bedewleri garşylaýarlar. Türkmenistanyň gazananlary multimediýa tehnologiýalary arkaly beýan edilýär.

Birleşen Arap Emirlikleri geçirilýän ägirt uly çärede COVID-19 pandemiýasy babatda ätiýaçlyk we howpsuzlyk şertlerini berk gözegçilikde saklaýar. Çärä dürli ýurtlardan  25 milliondan gowrak adamyň geldi. Bu ägirt uly çäre hyzmatdaşlygy we çözgütleri işläp taýýarlamagy höweslendirmäge gönükdirilendir, çünki dünýä pandemiýandan soň ykdysadyýeti dikeltmäge tarap hereket edýär.

Elektron ekranlarda halkymyzyň haly sungatynyň eserleri, ahalteke bedewleri we eziz Diýarymyzyň beýleki baýlyklary barada wideoşekiller görkezilýär. Interaktiw gologramma giren her bir adama türkmen pagtasynyň we gallasynyň «sanly» hasylynyň ösüşine syn edip biler.

Amangözel KASYMOWA,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok