MAŇZY MELHEM PISSE

Pisse agajy Türkmenistanda giňden ýaýran, şeýle-de suwy az talap edýän, gurakçylyga çydamly ösümlikleriň biridir. Pisse hozlar maşgalasyna degişli bolup, ähli topraklarda ösmäge ukyply bolup durýar. Pisse bejeriş häsiýeti boýunça derman senagatynda ulanylýar. Iýmitlik häsiýeti boýunça bolsa gaýtalanmajak çig mal bolup hyzmat edýär.

Pisse pes boýly, bir ýa-da topbaklaýyn ösýän ösümlikdir. Ol kök ulgamy berk, sütüni egri agaçdyr. Boýy 3 — 9 metr aralygynda bolýar. Çylşyrymly güllülere degişli. Miwesi uly hoşa görnüşinde bolup, ululygy boýunça dürli-dürlüdir. Hasyllylygy ýylda deň bolmaýar.

Pisse Gün düşýän ýerde oňat ösüp, yssa çydamlydyr. Bu agaç haýal ösýär, emma onuň ýaşy 300 — 1000 ýyla ýetýär. 2-3 ýylyň dowamynda bir gezek miwe getirýär. Tebigy şertlerde bu agaçda hasyllylygyň iň ýokary görkezijilerini 60 — 100 ýaşa ýeten düýplerde görmek bolýar. Pisse dünýäniň iň gadymy, gülleýän we gymmatly medeni ösümlikleriniň biridir. Onuň watany Afrikanyň, Günorta Ýewropanyň, Aziýanyň çöl, ýarym çöl zolaklary, şeýle-de daşlyk dag etekleri, pes daglyklarydyr. Gündogarda pisse örän gowy dermanlyk serişde hasap edilýär. Pisse öz düzüminde 62 göterime çenli ýag, 22 göterime çenli belok saklaýar. Pisseden alynýan şepbik we lak boýag hökmünde dokma senagatynda peýdalanylýar.

Selbi SAPAROWA,

D.Azady adyndaky TMDDI-niň 
Iňlis dili we edebiýaty
fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok