Köneürgenç etrabynda ýerleşýän pagta-egirme fabriginiň öndürýän ýokary hilli ýüplügini alýan daşary ýurtly müşderileriň sanawy barha uzaýar. Şu ýyl daşary ýurtly müşderileriň sanawyna ilkinji gezek Hytaý hem girdi. Kärhananyň önümine, adatça birnäçe Ýewropa we käbir Arap ýurtlaryndan bolan alyjylar isleg bildirýärler.
Bu fabrik her ýyl özüniň öndürýän pagta ýüplüginiň takmynan 70 göterimini daşary ýurtlara satýar. Öndürilýän önümiň ýokary hilli bolmagy we kollektiwiň şertnamalaýyn borçlaryny durnukly ýerine ýetirmegi fabrigiň önümlerine bolan islegiň barha köpelmegine itergi berýär.
Kärhana ýylda 6 müň 700 tonna pagta süýümini gaýtadan işlemäge we dünýä bazarlarynda isleg bildirilýän, hili ýokary halkara ülňülerine laýyk gelýän «Open end» pnewmo-mehaniki önümçilik usulyny ulanyp, 6 müň tonna ýokary hilli pagta ýüplügini öndürmäge ukyplydyr. Kärhanada bolan egriji enjamlar, daraýjy desgalar we belli kysymly beýleki ýöriteleşdirilen enjamlar hünär tejribesinidir ukyplaryny ýylsaýyn artdyrýan işgärler tarapyndan bökdençsiz ulanylýar.
Şeýle ýokary netijeleri görkezýän kärhanalaryň hatarynda, ösdürlip ýetişdirilýän orta süýümli pagtany gaýtadan işlemek işine 2010-njy ýylda Daşoguz şäherinde işe girizlip, her ýyl 16,6 müň tonnadan gowrak pagta süýümini gaýtadan işleýän kärhanasy we dünýä bazarynda aýratyn isleg bildirilýän dürli reňkli «Ring» kysymly ýokary hilli pagta ýüplüginiň 14,5 müň tonnasyny öndürmäge ukyply pagta egriji zawody, şeýle hem pnewmomehaniki egirme usulynda ýüplük öndürmekde ýöriteleşen Serdar pagta egriji zawody-da gatnaşýar.
Enegül TAŇYRBERDIÝEWA,
Aşgabat şäherindäki agrosenagat
orta hünär okuw mekdebiniň
mugallymy.
Teswirler