Telekeçilik – milli ykdysadyýetiň esasy guraly

Häzirki wagtda döwletimiziň durnukly ösüşini ýokarlandyrmak maksady bilen esasy garalýan meseleleriň biri hem hususy telekeçilik işini ösdürmekdir. «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019-2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, Diýarymyzda hususyýetçiligi ösdürmek babatynda uly işler meýilleşdirilýär. Ol hususy eýeçilige daýanyp ösýän önümçilikleriň ýurduň eksportynyň artdyrylmagyna we diwersifikasiýalaşdyrylmagyna saldamly goşant goşmagyny gazanmakdan, ýurdumyzyň importynyň möçberini azaltmak we düzümini kämilleşdirmek maksady bilen, daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutýan önümçilikleri döretmekden, ilatyň gündelik sarp edýän harytlarynyň we enjamlarynyň öndürilişini ýola goýmakdan, hususy eýeçilikdäki innowasion häsiýetli kärhanalary ösdürip, olaryň dünýä bazarlarynda bäsleşige ukyplylygyny ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.

Hormatly Prezidentimiziň 2012-nji ýylyň iýul aýynyň 20-sine kabul eden «Kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi ösdürmek, maýa goýum işjeňligini ýokarlandyrmak maksady bilen Diýarymyzyň ygtyýarly banklary tarapyndan kiçi we orta telekeçilige degişli taraplara önümleri öndürmek, işleri hem-de hyzmatlary ýerine ýetirmek bilen baglanyşykly karzlar berilýär. Bu bolsa ýurdumyzyň raýatlarynyň we edara görnüşindäki tarapy döretmeýän telekeçileriniň pul serişdelerine bolan artýan islegleriniň bank ulgamy tarapyndan kanagatlandyrylýandygyna şaýatlyk edýär.

Türkmenistanda ýangyç-energetika toplumyny hasaba almazdan, umumy içerki önümiň düzüminde ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginiň paýy ýylsaýyn artýar. Bu bolsa ýurdumyzda telekeçilik işiniň hakykatdan-da giň gerim bilen ösýändigini, içerki önümiň öndürilişiniň we daşary ýurtlara edilýän eksportyň möçberiniň ýokarlanýandygyny görkezýär. Garaşsyz Watanymyzyň ykdysadyýetiniň döwlete degişli däl ulgamynyň derejesiniň ýokarlandyrylmagy we bu ugurda ýetilen belent sepgitler ýurdumyzda öndürilýän harytlaryň dünýä bazarlaryndaky tutýan ornuny berkitmek babatda milli Liderimiziň öňde goýan wezipeleriniň netijesinde gazanylan üstünliklerdir. Milli ykdysadyýetimizi ösdürýän we telekeçilige giň ýol açýan Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, başy dik, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli beýik işleri rowaç alsyn!

Mähri MISEKOWA,

Türkmen döwlet ykdysadyýet
we dolandyryş institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok