Häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň öňdengörüjilikli döwlet syýasaty netijesinde milli ykdysadyýetimizi ösdürmekde uly ösüşler gazanylýar. Bu ugurda ykdysadyýetimiziň ähli pudaklaryny sanlylaşdyrmak işi hem üstünlikli amala aşyrylýar. Ykdysady ösüşiň esasy ugry bolan sanly ulgamyň ýurdumyzda ösdürilmegi halk hojalygynyň pudaklarynyň ýokary depginler bilen ösmegine ýardam berýär. Ýurdumyzda degişli ugurda alnyp barylýan özgertmeler milli Liderimiziň Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda durmuşa geçirilýär.
Mälim bolşy ýaly, üstümizdäki ýylyň 12-nji fewralynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we Diýarymyzda sanly ykdysadyýeti doly ornaşdyrmak bilen bagly meselelere garaldy. Onuň dowamynda milli Liderimiziň «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňüne tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek we ýurdumyzda bäsdeşlige ukyply sanly ykdysadyýeti ösdürmek maksady bilen degişli Karar gol çekdi. Döwlet Baştutanymyzyň Kararyna laýyklykda, «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021 — 2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasy» hem-de ony amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň Meýilnamasy tassyklanyldy.
Bu maksatnama «Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna», «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna», «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasyna», Türkmenistanyň kanunlaryna we beýleki kadalaşdyryjy hukuk namalaryna laýyklykda işlenip taýýarlanyldy. Onuň esasy maksady jemi içerki önümde maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň ornuny artdyrmakdan we sanly aragatnaşyk babatda welaýatlaryň, şäherleriň we obalaryň arasyndaky tapawudy aradan aýyrmakdan ybaratdyr. Dört ugur boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän bu maksatnamada döwlet dolandyrşyny we edilýän hyzmatlary doly sanlylaşdyrmak, «Elektron hökümeti» döretmek, ýerli elektron söwdany ösdürmek we kämilleşdirmek, sanly serişdeleriň hasabyna ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini ýokarlandyrmak ýaly wezipeler bar. Olaryň hatarynda ilatyň sanly ulgam babatda sowatlylygyny artdyrmak boýunça degişli çäreleri geçirmek, sanly lukmançylygyň ösen hyzmatlaryny hödürlemek, «döwlet-jemgyýet-işewürlik» gatnaşyklaryny sanly innowasiýalar arkaly düýpli özgertmek we degişli ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak wezipeleri hem göz öňünde tutulýar. Bu bolsa Türkmenistany ykdysady taýdan ösdürmek babatda bimöçber tagallalar edýän hormatly Prezidentimiziň halkymyzy ýokary durmuş şertlerinde ýaşatmak ugrunda beýik işleri amala aşyrýandygyna doly hem-de aýdyň şaýatlyk edýär.
.
Gadam KAZAKOW,
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär
mekdebiniň mugallymy.
Teswirler