Watan goragçylaryna sylaglar gowşuryldy

28-nji sentýabrda Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça harby gullukçylara hem-de ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak dabarasy boldy. Bu barada TDH habar berýär.

Dabara türkmen paýtagtynyň günorta-günbatar künjeginde ýerleşýän “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda geçirildi. Watan azatlygy üçin janlaryny gurban eden milli gahrymanlaryň edermenligine sarpa goýmak biziň halkymyzyň öz ruhy-ahlak gymmatlyklaryna hem-de ata-babalarymyzdan miras galan beýik taglymlaryň köp asyrlyk ýörelgelerine berk ygrarlydygynyň aýdyň subutnamasydyr.

Şöhratly ata-babalarymyzyň gahrymançylykly ýörelgelerini mynasyp dowam edýän serkerdeler, esgerler, harby talyplar, harby we hukuk goraýjy edaralaryň işgärleri döwlet Garaşsyzlygynyň esaslaryny, Türkmenistanyň çäk bitewüligini we konstitusion gurluşyny pugtalandyrmakda we goramakda, Watanymyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmakda, raýatlarymyzyň howpsuzlygyny hem-de asuda durmuşyny üpjün etmekde, Watan goragçylaryny edermenlik we watançylyk ruhunda terbiýelemekde bitiren hyzmatlary üçin döwlet sylaglaryna hödürlendiler.

Şeýle hem Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň gol çeken Permanlaryna laýyklykda, harby gullukçylaryň hem-de Türkmenistanyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň uly toparyna Watanymyza, halkymyza birkemsiz we wepaly gulluk edendikleri, mukaddes harby borjuny ak ýürek bilen ýerine ýetirendikleri üçin harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Öz ykbalyny eziz Watanymyzy goramak bilen baglanyşdyran dabara gatnaşyjylar sylaglary buýsanç duýgusy bilen kabul edip, esger borjuna, Watanymyza hemişelik wepadarlygyň we türkmenistanlylaryň döredijilikli durmuşynyň goragynda berk durmaga taýýarlygyň nyşany hökmünde mukaddes Döwlet tugumyzyň öňünde tagzym etdiler.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok