Russiýanyň «Трансмашхолдинг» PJ Türkmenistana iki sany täze otly iberdi

«Трансмашхолдинг» paýdarlar jemgyýetiniň demir ýol ulaglary operatory Türkmenistanyň «Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýetine ýolagçy we ýük teplowozlaryny ugratdy. Bu barada Russiýanyň «Прайм» ykdysady maglumatlar agentligi habar berýär.

«Demirýollary» açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti «Трансмашхолдинг» paýdarlar jemgyýetinden (ТМХ) ТЭП70БС kysymly ýolagçy we 2ТЭ25КМ kysymly magistral ýük teplowozlaryny satyn aldy. Olar Aşgabadyň otly deposyna gelip gowşdy. Bu otlular geçen ýylyň güýzünde baglaşylan şertnamalara laýyklykda iberildi.

Täze gelen “2ТЭ25КМ” kysymly teplowozlar 6,4 müň tonna çenli ýüki daşamaga ukyplydyr.

Belläp geçsek, «Трансмашхолдинг» — Russiýanyň demir ýol we şäher ulaglar pudagy üçin ulaglary öndürýän iri kompaniýalarynyň biri bolup durýar. Kompaniýa elektrowozlary, teplowozlary, ýük we ýolagçy wagonlaryny şeýle hem elektropoýezd we metro wagonlaryny öndürýär.

Aýgül HALMYRADOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok