Düýbi Hytaýda ýerleşýän “Alibaba” kompaniýasy kriptowalýutadan söwdä etmek mümkinçiligini ýatyrýandygyny mälim etdi.
Hytaý döwletiniň kriptowalýutany çäklendirmek babatynda alan kararlarynyň çäginde, ýurtda we Dünýäde ägirt elektron söwdasy bolan “Alibaba” kriptowalýuta baradaky beýannamasyny çap etdi. Bu kompaniýa, Hytaý Halk Bankynyň çäklendirmelerini ýerine ýetirmek üçin 8-nji oktýabrdan başlap, kriptowalýuta söwdasyny amala aşyrmajakdygyny habar berdi.
Hytaýyň elektron söwda ägirdi wirtual walýuta bilen baglanyşykly kanunlaryň we düzgünleriň durnuksyzlygyny göz öňünde tutýandygyny, kriptografik walýuta almak üçin islendik okuw gollanmalaryny, strategiýalaryny we programma üpjünçiligini satmagyň hem gadagan ediljekdigini aýtdy.
Allaberdi Berdiýew
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” kafedrasynyň mugallymy
Teswirler