Russiýa Federasiýasynyň dizel ýük awtoulaglaryny we dizel dwigatellerini öndürýän KAMAZ kompaniýasy 2022-nji ýylda Türkmenistanda ätiýaçlyk şaýlary öndürmegi meýilleşdirýär. Bu baradaky habary kärhananyň metbugat gullugyna salgylanyp Turkmenportal habar saýty habar berýär.
Habarda bellenilmegine görä, Türkmenistanda ätiýaçlyk şaýlarynyň we ýörite enjamlaryň önümçiligini guramagyň taslamasy KAMAZ-yň baş müdiri Sergeý Kogoginiň Tatarystanyň wekiliýetiniň Türkmenistana eden soňky saparynyň dowamynda döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygynda ara alnyp maslahatlaşyldy.
Kärhananyň berýän maglumata görä, Aşgabat şäherindäki hyzmat merkezinde ýerleşjek gurnama binasynyň gurluşygy we ulanylyşa berilmegi 2022-nji ýylyň IV çärýegine meýilleşdirilipdir.
Hyzmatdaşlygyň çäklerinde KAMAZ Türkmenistana 11 müňden gowrak awtoulag iberendigini bellenilýär. Olaryň 2 müňisi soňky üç ýylyň dowamynda getirildi.
Gülnabat SAPAROWA
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň “Dünýä ykdysadyýeti” hünäriniň talyby
Teswirler