Ýewropada tebigy gazyň bahasy rekord derejä ýetdi

“Interfaks” agentliginiň habar bermegine görä, Ýewropada gazyň 1 müň kub metriniň bahasy iki gün yzygiderli 1 müň ABŞ dollaryndan ýokary bolup, iň ýokary derejä ýetdi.

Agentligiň habar bermegine görä, sentýabr aýynda Gollandiýanyň tebigy gaz biržasynda (Ýewropanyň esasy gaz söwda biržasy) gazyň 1 müň kub metriniň şertnamalarynyň bahasy 759 ABŞ dollaryna deňdi.

Ýewropada gaz ýetmezçiligi sebäpli (gaz geçirijilerden we suwuklandyrylan görnüşde) Aziýa bazary bilen suwuklandyrylan tebigy gaz üçin bäsleşmäge mejbur bolýar. Ýakynda, Aziýanyň “JKM Platts” suwuklandyrylan tebigy gaz indeksi ýenede 23 ABŞ dollar artyp, ol boýunça suwuklandyrylan gazyň 1 müň kub metriniň şertnamalarynyň bahasy 1 müň 171 ABŞ dollaryna barabar boldy.

Belläp geçsek, 2018-nji ýylyň mart aýynda Ýewropada aşa sowuk howa şertleri netijesinde tebigy gazyň bir müň kub metri üçin bahasy 1 müň ABŞ dollaryna golaýlapdy.

Şatlyk ÇARYÝEW,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok