HER ÝYL GEÇIRILÝÄN 11-NJI MERKEZI AZIÝA SÖWDA FORUMYNA GOŞULYŇ

ABŞ-nyň Halkara ösüş agentligi (USAID) 4-nji oktýabrda Aşgabat wagty bilen sagat 13:00-da başlajak, “Pandemiýadan soň sebitleýin hyzmatdaşlygyň üsti bilen dikeliş döwri” atly 11-nji Merkezi Aziýa söwda forumyny onlaýn ýagdaýda geçirer. Wirtual forum 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabrynda tamamlanar.

ABŞ-nyň Gazagystandaky ilçihanasyndan Missiýanyň başlygynyň orunbasary hanym Judi Kuo, ABŞ bilen Merkezi Aziýanyň 30 ýyllyk hyzmatdaşlygynyň şanyna forumy açar. Forumda Germaniýanyň Halkara hyzmatdaşlyk boýunça jemgyýetiniň (GIZ) Merkezi Aziýadaky sebit maksatnamalarynyň klaster utgaşdyryjysy Torsten Brezina, Gonkongyň “Viziolg Asia Limited” müdiri Wikki Ko, Makao Ylmy-tehnologiýa uniwersitetiniň professoryň kömekçisi Marina Kuzneçewskaýa, FCILT, Merkezi Aziýada ulag we logistika ulgamyndaky aýallaryň birleşiginiň (WiLAT) başlygy Tatýana Prokurýakowa, Bütindünýä Bankynyň (WTB) Merkezi Aziýa boýunça Sebit direktory Barbara Oliveýra Ramos,  Halkara Söwda Merkeziniň (ITC) eksport boýunça gözleg we strategiýa bölüminiň başlygy Tatýana Reý-Bellet, IRU başlygy, Warwick Hyperloop & Boring taslamasynyň esaslandyryjysy, TaiSan Motors kompaniýasynyň esaslandyryjy we baş direktory hem-de Forbes Gazagystanyň “30 we 30-dan ýaş” reýtingine girýän Sanžar Taižan ýaly 80-den gowrak görnükli dilewar çykyş ederler.

Forum, iki dilde bir wagtda terjime edilip, iňlis we rus dillerinde Zoom platformasynda geçiriler. Şeýle hem, YouTube kanalynda göni ýaýlymda görkeziler. Foruma ýazylmak we çakylygy almak üçin https://catradeforum.org/ websaýtyna girip, elektron hasaba alyş anketasyny dolduryň.

Geçirlijek Forum aşakdaky on sessiýadan hem-de iki tegelek stoldan ybarat bolar:

1-nji gün, 2021-nji ýylyň 4-nji oktýabry; Forumyň açylyşy 13:00 – 13:30 GMT + 05:00 Türkmenistan wagty bilen

13:30 – 15:00 1-nji Sessiýa: COVID-19 pandemiýa döwründen soň söwda tendensiýalary

15:00 – 16:30 Merkezi Aziýada COVID-19 pandemiýa döwründen soň telekeçilige ýardam bermek ekosistemasy boýunça tegelek stol

Şol bir wagtda “Dolandyryş ulgamynda pikirlenişiň üýtgemegi: 2021-nji ýylyň täze ISO standartlary we işewürligi durnukly ösdürmek üçin tejribe” atly ISO standartlary boýunça okuw maslahaty

2-nji gün, 2021-nji ýylyň 5-nji oktýabry; 09:00 – 10:30 GMT + 05:00 Türkmenistan wagty bilen

09:00-10:30 2-nji Sessiýa: COVID-19 pandemiýa döwründe syýahatçylyk pudagyny dikeltmek

14: 00-15:30 3-nji Sessiýa: Merkezi Aziýa ýurtlarynda söwda we tranzit; bar bolan kynçylyklar we sanly ulgam arkaly çözgütler

16:00-17:30 Halkara awtomobil gantawlaryny ösdürmegiň meseleleri: ulag parkynyň täzelenmegi atly tegelek stol

3-nji gün, 2021-nji ýylyň 6-njy oktýabry; 09:00 – 10:30 GMT + 05:00 Türkmenistan wagty bilen

09:00-10:30 4-nji Sessiýa: Merkezi Aziýada suwyň durnuklylygy

11:00-12:30 5-nji Sessiýa: Merkezi Aziýada elektrik energiýasynyň söwdasy we gaýtadan dikeldilýän energiýa ulgamyna maýa goýum mümkinçilikleri

14:00-15:30 6-njy Sessiýa: Sanly ulgamynyň geljegi – ulag we logistika

4-nji gün, 2021-nji ýylyň 7-nji oktýabry; 09:00 – 10:30 GMT + 05:00 Türkmenistan wagty bilen

09:00-10:30 7-nji Sessiýa: Aziýada sebitleýin gatnaşyk

14:00-16:00 8-nji Sessiýa: Elektron söwda we soňky mil meselesi

5-nji gün, 2021-nji ýylyň 8-nji oktýabry; 09:00 – 10:30 GMT + 05:00 Türkmenistan wagty bilen

09:00-10:30 9-njy Sessiýa: Durnukly söwda: Miwe we bakja  önümçilik pudagynda bäsdeşlige ukyplylygy ösdürmek

14:00-15:30 10-njy Sessiýa: COVID-19 pandemiýa döwründen soň aýallar we ýaşlar

15:30-16:00 Forumyň ýapylyş dabarasy

USAID-iň Merkezi Aziýa söwda Forumy soňky on ýylyň dowamynda sebitdäki durnukly ykdysady ösüşi höweslendirmek we çaltlaşdyrmak üçin sebitleýin hyzmatdaşlygy we arkalaşygy ýokarlandyrmaga ýardam etdi. Forum, söwda we ykdysady taýdan gülläp ösmegi çäklendirýän meseleleri anyklamak, pikir alyşmak we çözgüt kesgitlemek, işewür gatnaşyklary gurmak hem-de iş alyp barmak üçin 30-dan gowrak ýurtdan 10 000-den gowrak gatnaşyjy ýygnady. USAID-iň  11-nji Merkezi Aziýa Söwda Forumynyň çäginde öňdebaryjy kärhanalar we senagat kompaniýalary, döwlet işgärleri we syýasatçylar, sebitden we beýleki ýurtlardan gelen hünärmenler sebitde dikeldiş we ykdysady durnuklylyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşarlar.

Bu ýyl Forum ABŞ-nyň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen hyzmatdaşlygynyň 30 ýyllygyna gabat gelýär. Bu döwürde Amerikanyň Birleşen Ştatlary parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek, demokratik özgertmeleri, ykdysady ösüşi we ynsanperwerlik kömegini üpjün etmek üçin 9 milliard dollardan gowrak goldaw berdi. Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň hem-de hyzmatdaşlygyň we özara gatnaşyklaryň sebit strategiýalary netijesinde, sebit ýurtlary has bäsdeşlige ukyply bolmagy, köp ugurly ykdysadyýetiň ösüşini höweslendirmegi we sebitde gülläp ösmegi başardylar.

###

Has giňişleýin maglumat üçin USAID-Merkezi Aziýa web sahypasyna girip bilersiňiz:

https://www.usaid.gov/central-asia-regional we Facebook sahypasy: https://www.facebook.com/USAIDCentralAsia.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok