2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 29-yna Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ‘’Garaşsyzlyk- Bagtymyzdyr’’ atly kitabyň tanyşdyrylyş dabarasyna bagyşlanyp çäre geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň işgärleri, Hukuk we demokratik institutynyň direktory we şol sanda professor mugallymlarydyr, talyp ýaşlar gatnaşdylar. Garaşsyzlyk- biziň barlygymyz we bagtymyzdyr. ‘’ Garaşsyzlyk- Bagtymyzdyr’’ atly kitabyň neşir edilip okyjylara ýetirilmegi uly bagtdyr. Kitapda Garaşsyzlyk ýyllarynyň wakalary nakyllar bilen çuň many mazmuna eýerip beýan edilýär. Garaşsyzlygyň netijeleri we tejribeleri aýdyň şöhlelendirilýär. Kitapda Garaşsyzlygyň ähmiýetine uly üns berilýär. Ýurdyň diňe bir içeri syýasaty däl-de daşary syýasaty hem ulydan beýan edilenýär. Bu kitap diplomatik uğurda işleýänler üçin hem uly bir gymmatly kitaplaryň biri bolup durmak bilen, ol her bir raýatyň ýan kitaby we paýhas, bilim çeşmämiz bolmalydyr diýsek hem ýalnyşmarys.
Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň dünýä derejesinde alyp barýan syýasatyna we halkymyzyň saglygyny we abadançylygy ugrunda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler we çäksiz alkyşlar aýtdylar.
.
Enejan Mämmedowa,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara jurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler