Beýik Garaşsyzlygymyzyň ýakymy – döwrümiziň ýalkymy!

Garaşsyzlyk – halkymyzyň bagtyýarlyk, abadan durmuşyny, berkararlygy dabaralandyryjy, dost-doganlyga çagyryjy egsilmez, beýik bagtydyr! Bu bagt her bir türkmen raýatynyň diliniň senasyna, kalbynyň joşgunyna, eşretli durmuşynyň we geljekki ösüşiniň güwäsine öwrüldi. Häzirki wagtda Milli Liderimiziň alyp barýan syýasaty giňden dabaralanýar, umumadamzat bähbitlerine dahylly başlangyçlar öňe sürülýär. Tutuş adamzadyň ykbalyna dahylly bolmak, döwletli işleriň düýbüni tutmak bolsa beýiklige mahsusdyr, belent ykrara mynasypdyr. Hormatly Arkadagymyzyň baştutanlygynda bedew bady bilen bir-birini çalyşýan Garaşsyzlyk ýyllarynyň möhüm wakalaryna nazar aýlap, ýurdumyz üçin bu özgertmeleriň ählisiniň ykbal çözüji ähmiýete eýedigini ynamly aýtmak bolar. Bu ugurda ýurdumyzy has-da ösdürmäge gönükdirilen giň gerimli maksatnamalar, ylym-bilim, medeni, syýasy özgertmeler üstünlikli amala aşyryldy. Asudalygyň, ösüşleriň mekany bolan ata Watanymyz halkara gatnaşyklarynda hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna berk eýerip gelmek bilen hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklaryny pugta ýola goýdy. Garaşsyzlyk ýyllary içinde gazanylan ösüşler, ýetilen belent sepgitler Gahryman Arkadagymyzyň peşgeş beren döwründe ylym-bilim ulgamynda hem aýdyňlygy bilen şuglalanýar. Milli bilim ulgamynyň dünýä tejribesine we milli ýörelgelere esaslanyp ösdürilmegi, oňa kämil tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagy, ýaş nesliň döwrebap derejede okadylmagy mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren ajaýyp datly miweleriniň biridir. Bagtyýar hem-de asuda ýurdumyzda eziz halkymyzyň watansöýüjilik, erkanalyk, parahatçylyk ýörelgeleriniň elmydama rowaç tapyp gelendigini, aýratynam döwletimiziň her bir ulgamynyň şol şöhratly ýyllaryň dowamynda gazanan üstünlikleriniň, ýeten ýeňişli menzilleriniň iňňän aýdyňlygyny görmek bolýar. Şeýle üstünlikleri, rowaçly belent sepgitleri mähriban halkymyz Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda toýlara besleýär! Biziň her birimiz milli aýratynlyklarymyzyň, döwletliligimiziň özboluşly netijesi bolan Garaşsyzlygymyza buýsanmaga, guwanmaga haklydyrys. Milli ösüşlerimizi gazanmakda bu mukaddesligiň gaýtalanmajak orny bar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz – döwletimiziň berkararlygynyň, halkymyzyň agzybirliginiň, jebisliginiň sarsmaz binýadydyr, bolelinligimiziň şamçyragydyr, başymyzyň täjidir. Ähli ugurlarda ýetilýän şöhratly gadamlarymyzyň, üstünliklerimiziň, ösüşlerimiziň ählisi öz gözbaşyny beýik Garaşsyzlygymyzdan alýar. Goý, mähriban halkymyzy abadan hem-de bagtyýar, bolelin durmuşda ýaşadýan, biz ýaşlaryň hak howandary Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman, umumadamzat bähbitli belent tutumlary rowaç bolsun!

Gülzada TUWAKMÄMMEDOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky
Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok