Dzýudo-söweş sungaty ýa-da öz-özüňi goramak

Dzýudo sportuň bir görnüşi bolup, ol ýapon dilinden sözme-söz terjime edilende “ýumşak ýol” diýmekligi aňladýar. Ol ýapon söweş sungaty, özboluşly filosofiýa, ýekeleýin görnüşde ýaragsyz alnyp barylýan sport oýny bolup, XIX asyryň ahyrlarynda 1882-nji ýylda ýapon söweş sungatynyň ussady Dzigoro Kano tarapyndan döredilýär.  Dzýudonyň esasy tilsimlerini we düzgünlerini hem oýlap tapan Dzigoro Kano hasaplanylýar. Söweş sungatynyň beýleki görnüşlerinden, ýagny grek-rim göreşi, erkin göreş, sambo, jiu-jitsu, boks, karate we beýlekilerden tapawutlylykda dzýudo diňe bir fiziki işjeňligiň, yzygiderli türgenleşigiň söweşi bolman, eýsem ruhuň, öz-özüňe erk etmegiň, etiket düzgünlerini berjaý etmegiň, üstünlik we oňa ýetmek üçin duçar bolunýan kynçylyklara düşünmegiň sungaty hem hasaplanylýar. Şeýle-de dzýudo ilkibaşda esgerleri, polisiýa işgärlerini we harbylary beden taýdan taýýarlamakda giňden peýdalanylan türgenleşik hem hasaplanylýar.

Dzýudo ilkinji gezek 1964-nji ýylda Tokioda geçirilen Olimpiýa oýunlaryna girizilýär we soňlugy bilen öz meşhurlygyny we türgenlerini gazanyp ugraýar.

Häzirki wagtda dzýudonyň iki görnüşi nusgawy we sport dzýudosy görnüşleri parallel derejede ösdürilýär. Sport dzýudosy Olimpiýa oýunlaryna hem girizilýär. Bilşimiz ýaly dzýudo boýunça Halkara Dzýudo Federasiýasy(IJF-(International Judo Federation) hem hereket edýär. Halkara Dzýudo Federasiýasynyň maglumatlaryna görä häzirki wagtda dünýäniň bäş yklymynda 200-e golaý milli dzýudo federasiýalary hereket edýär.

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, dzýudo Olimpiýa oýunlarynyň içinde möhüm orny eýeleýär. Häzirki wagtda dünýäde bu söweş sungaty bilen meşgullanýanlaryň sany 30 milliona golaý hasaplanylýar.

Sagdynlygyň we ruhubelentligiň ýurdy hasaplanylýan Türkmenistanda hem dzýudo bilen meşgullanýanlaryň sany barha artýar. Ýurdumyzyň ussat türgenleri diňe bir Türkmenistanda däl,  eýsem halkara derejesinde geçirilýän sport ýaryşlarynda üstünlikli çykyş edip, ýaşyl baýdagymyzy belentde parladýarlar.

 Muhammetmurat NARMEDOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok