27-nji sentýabrda Bütindünýä syýahatçylyk güni bellenilip geçildi. Ol 1980-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasynyň assambleýasynda syýahatçylyga dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen döredildi. Bütindünýä syýahatçylyk gününiň 27-nji sentýabrda bellenilmegi ýöne ýerden däldir, sebäbi 1970-nji ýylda Bütindünýä syýahatçylyk guramasyda şol gün öz Düzgünnamasyny kabul etdi, gurama häzire çenli ondan ugur alyp işleýär.
1980-nji ýylda ilkinji Bütindünýä syýahatçylyk güni syýahatçylyk pudagynyň umumadamzat medeni mirasyny saklap galmaga bagyşlandy.
2021-nji ýylyň Bütindünýä syýahatçylyk gününiň esasy temasy «Inklýuziw ösüş ugrunda syhaýatçylyk» bolup durýar. Baýramyň resmi reňki – mawy reňk baýramçylyk çärelerini bezemekde ulanylýar.
Bu bellenilýän ýörite günüň taryhy 1925-nji ýylda Gaagadan başlanýar. Şol ýyl resmi syýahatçylyk guramalarynyň Halkara kongresi döredildi, soňra oňa Bütindünýä syýahatçylyk guramasy diýlip at berildi.
Ötgurbek ÝAHŞIBAÝEW,
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň talyby.
Teswirler