Baýramçylyk mynasybetli dünýäniň dürli ýurtlarynda çäreler geçirilýär

Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky Ilçihanalary we konsullyklary tarapyndan maslahatlar, forumlar, sergiler, konsertler we başga-da ençeme çäreler gurnalýar.

Şeýle çäreler 23-nji sentýabrda Hyrat şäherindäki Türkmenistanyň Baş konsullygy tarapyndan bu şanly senä bagyşlanyp maslahat geçirildi. Oňa Hyrat we Badhyz welaýatlarynda ýaşaýan türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Şeýle-de Türkiýe Respublikasyndaky Ilçihanasy tarapyndan, Türkiýäniň Kyrşehir Ahy Ewran uniwersitetinde, ýolbaşçylarynyň, professor-mugallymlarynyň, talyplarynyň, şol sanda türkmenistanly talyplarynyň gatnaşmaklarynda medeni çäre geçirildi. Çäräniň çäklerinde uniwersitetde okaýan talyplaryň konserti hem-de ýurdumyzyň medeni gymmatlyklarynyň we Türkmenistanyň Prezidentiniň kitaplarynyň sergisi geçirildi.

Mundan başga-da, ABŞ-nyň Sietl şäherinde “Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy we onuň daşary syýasatyndaky halkara başlangyçlar” temasy boýunça maslahat geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň ABŞ-daky Ilçihanasy tarapyndan guralyp, oňa Türkmenistanyň raýatlary we talyp ýaşlary gatnaşdylar.

Şeýle çäreleriň ýene biri Türkmenistanyň Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygyndaky Ilçihanasy hem baýramçylyk çäresini geçirdi. Oňa London şäheriniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary we talyplary hem-de türkmen kowçumlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Ilmyrat HANOW,

D.Azady adyndaky
TMDDI-niň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok