Türkmenistanly talyp Permdäki pajygaly ýagdaýda 20-den gowrak adamy halas etdi

Türkmenistandan  Perm döwlet milli gözleg uniwersitetine okamaga gelen Öwezberdi Sabirowyň, ýokary okuw mekdebinde bolup geçen pajygaly ýagdaýda 20-den gowrak adamy halas etmäge kömek edendigi mälim boldy. Bu ýerde bolan wakada 6 adam aradan çykdy we 47 adam ýaralandy.

Daşary ýurduň ygtybarly köpçülikleýin habar beriş saýtlarynyň habar bermegine görä, ýokary okuw jaýynyň himiýa ugrunyň üçünji ýyl türkmen talyby Öwezberdi Sabirow waka bolan wagty birinji gatda bolup, okuw otagyna girmäge garaşýardy. Sabirow, birdenkä okuw binasynyň zalynda ýarag sesleri eşidilip, talyplaryň gygyryşyp ylgaýandyklaryny görüpdir.

Öwezberdi: “Binada galmagyň aşa howplydygyna we gyssagly çykalga gözlemegiň zerurdygyna düşündim we golaýdakylaryň hemmesini alyp, ýedinji belgä tarap ugradym. Sebäbi ýedinji belgi adatdan daşary ýagdaýlarda çykalga gapysy bolup hyzmat edýär.” – diýip belleýär.  

Sabirow bu ýol bilen 20-den gowrak adamy çykaryp bilendigi nygtady.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok