Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy

Türkmenistan bilen Tatarystanyň arasynda syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde we durmuşyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Garaşsyz Türkmenistanyň dünýädäki at-abraýyny ýokarlandyrmaga uly goşant goşandygy üçin, şeýle hem türkmen we tatar halklarynyň arasyndaky dost-doganlyk gatnaşyklaryny pugtalandyrmakda bitiren hyzmatlaryny göz öňünde tutup, Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Nurgaliýewiç Minnihanow Türkmenistanyň «Garaşsyzlyk» ordeni bilen sylaglandy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok