Şu ýyl iri desgalar göz öňüne tutulanyndan has köpüsi açylyp ulanylmaga berildi

Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Halk Maslahatynda eden çykyşynda ýurdumyzda alnyp barylýan gurluş işleri barada durup geçdi. Häzirki döwürde ýurdumyzda umumy bahasy 37 milliard amerikan dollaryndan hem gowrak bolan 2,5 müňe golaý iri desganyň gurluşygy alnyp barylýar diýip, Milli Liderimiz belläp geçdi.

«Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2019 — 2025-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyna» laýyklykda, şäher we oba ýerleriniň üpjünçilik ulgamlaryny ösdürmek işleri uly depgin bilen durmuşa geçirilýär. Hormatly Arkadagymyzyň ýadowsyz aladalary esasynda, häzirki wagtda oba ýerleri şäherler bilen bäsdeşýär.

Paýtagtymyzda täze iri ýaşaýyş toplumlarynyň, Ahal welaýatynyň edara ediş merkeziniň, şeýle hem ýurdumyzyň dürli sebitlerinde häzirki zaman obalarynyňdyr şäherçeleriniň gurluşygy ýokary depginlerde dowam edýär. Ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk şanly baýramy mynasybetli 30 desgany ulanmaga bermek göz öňünde tutulypdy. Ýöne, mähriban halkymyzyň yhlasly we tutanýerli zähmeti netijesinde, ýanwar — sentýabr aýlarynda 56 sany iri desga, şol sanda umumy meýdany 509 müň inedördül metr bolan ýaşaýyş jaýlary ulanmaga berildi diýip, Gahryman Arkadagymyz gurluşyk işlerindäki uly ösüşleri guwanmak bilen nygtap geçdi.

Şapyýewa Ogulşat
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok