GARAŞSYZLYKDAN GALKYNAN GÖWÜNLER

Türkmeniň toýy goşa-goşadan gelýär. Halkymyzyň birnäçe wagt bäri garaşyp ýokary derejede taýýarlyk gören Garaşsyzlyk baýramy hem ýetip geldi. Garaşsyzlyk diňe bir bagtyýar günleriň şirin owazy bolman, ata-babalarymyzyň asyrlarboýy gursagynda göteren köňül aýdymy, döwletlilik mukamydyr. Şoňa görä-de, türkmen halky baş baýramynyň — Garaşsyzlyk gününiň tutumyny uludan tutýar, ýatdan çykmajak ýakymly wakalara besleýär.

Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallasy netijesinde Garaşsyzlygyň 30 ýyllygynyň öňüsyrasynda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynda bu baýramçylyk mynasybetli Türkmenistanyň Merkezi banky her biriniň gymmaty 100 manada deň bolan ýadygärlik altyn we kümüş şaýy pullaryny çykardy. Ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygy mynasybetli çykarylan ýadygärlik şaýy pullary dabaraly çäreleriň hatarynda möhüm waka bolup, olar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda okgunly ösýän Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň nobatdaky nyşanlaryna öwrüldi.

Şeýle begendiriji, şatlykly wakalar diňe bu bilen çäklenmeýär. Muňa mysal ýene bir guwandyryjy wakany belläp geçsek, Garaşsyz Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge, onuň halkara abraýyny artdyrmaga uly goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynda tapawutlanan işgärlere, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň, olaryň düzümleriniň işgärlerine, döredijilik işgärlerine, zähmet weteranlaryna ýokary döwlet sylaglary gowşuryldy. Bu bolsa ildeşlerimiziň baýramçylyk buýsanjyny has-da artdyrdy.

Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge ähli amatlyklary döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

Wepa MOMMYÝEW,

Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri
institutynyň mugallymy.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok