Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Mejlisiniň karary bilen Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy hormatly Gurbanguly Mälikgulyýewiç Berdimuhamedow «Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna» atly Türkmenistanyň ýubileý medaly we ýadygärlik nyşany — Altyn şaý milli manadymyz bilen sylaglanyldy. Bu barada «Watan» habarlar gepleşiginde aýdyldy.
Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýylynyň içinde ýurdumyzy ýokary depginler bilen ösdürmekde, giň möçberli taryhy maksatnamalary işläp taýýarlamakda we üstünlikli durmuşa geçirmekde, mähriban halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowulandyrmakda, hemişelik Bitarap döwletimiziň dünýädäki abraýyny has-da belende götermekde amala aşyrylan asyrlara ýaň saljak beýik işler milli Liderimiziň taýsyz tagallalary, öňdengörüjilikli hem-de oýlanyşykly döwlet syýasaty bilen aýrylmaz baglanyşyklydyr. Bu gün Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan dünýäde Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik, hoşniýetlilik, ynsanperwerlik ýörelgelerine eýerýän, dürli halklar we döwletler bilen özara bähbitli we deňhukukly gatnaşyklary ileri tutýan döwlet hökmünde tanalýar.
Maksat Akyýew,
Türkmenabat agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy.
Teswirler