Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli geçirilen sergi milli ykdysadyýetimiziň haýran galdyryjy üstünlikleriniň aýdyň beýanyna, ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe barýan mähriban halkymyzyň döredijilik güýç-kuwwatynyň subutnamasyna öwrüldi. «Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany» şygary astynda geçýän şu ýubileý ýylynda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu gözden geçiriliş aýratyn ähmiýete eýedir.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň sergä gatnaşyjylara iberen Gutlagynda beýik Garaşsyzlygyň şöhratly 30 ýylynyň dowamynda döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary bolan ýurdumyzyň halk hojalyk toplumyny innowasiýa taýdan özgertmekde, senagatymyzy diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmakda, halkymyzyň durmuş derejesini yzygiderli ýokarlandyrmakda, ählumumy ykdysady giňişlikde ýurdumyzyň ornuny barha berkitmekde belent sepgitlere ýetilendigi nygtalýar.
Ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň kuwwaty we mümkinçilikleri «Türkmengaz», «Türkmennebit», «Türkmenhimiýa» döwlet konsernleriniň, Ahal welaýatyndaky tebigy gazdan benzin öndürýän zawodyň, Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň, Gyýanlydaky Polimer zawodynyň giň gerimli diwarlyklary arkaly görkezildi. Sergä gatnaşyjylara we myhmanlara nebitiň hem-de gazyň özleşdirilen hem-de häzirki wagtda işlenip geçilýän ýataklary, «mawy ýangyjy» daşary ýurtlara ibermegiň hereket edýän we göz öňünde tutulan ugurlary, gazylyp alynýan baýlyklaryň we minerallaryň ýerasty gorlary barada gürrüň berildi. Ýurdumyzda iri halkara we sebit derejesindäki deňiz, awtoulag, demir ýol we howa menzillerine çykmak arkaly, howa we ýerüsti ýollary birleşdirýän gatnawlaryň ulgamy üstünlikli döredilýär. Bular «Türkmenawtoulaglary», «Türkmendemirýollary», «Türkmenhowaýollary», «Türkmendeňizderýaýollary» hem-de «Türkmenaragatnaşyk» agentlikleriniň sergi bölümlerinde aýdyňlyk bilen beýan edildi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda Türkmenistanda ulag toplumynyň, onuň ähli pudaklarynyň okgunly ösmegini, maddy-enjamlaýyn binýadynyň düýpli döwrebaplaşdyrylmagyny üpjün etmäge gönükdirilen maksatnamalar işlenip taýýarlanyldy we üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şu gözden geçirilişe logistik ugurly kompaniýalar gatnaşýarlar. Olaryň bu ulgamdaky işleri giň gerimli halkara taslamalary amala aşyrmakda aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Sergä gatnaşyjylaryň köpüsi täze tehnologiýalary ulanmak arkaly, uly göwrümli ýükleri daşamakda öz mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdy. Serginiň many-mazmuny hem-de baý maglumatlary, ilkinji nobatda, Türkmenistanda häzirki wagtda hyzmatdaşlygyň ýokary isleg bildirilýän ugurlaryna gönükdirilendir. Şolaryň biri-de gurluşyk pudagydyr. Sergide görkezilen serişdeleriň hatarynda timarlaýyş daşlary, sement, kerpiç, panel toplumlary, magdan däl gurluşyk serişdeleri, turba önümleri, armatura, şwellerler, timarlaýyş, lak, reňkleýji örtük serişdeler we beýlekiler bar.
«Ak şäherim Aşgabat» atly diwarlyk döwlet Baştutanymyzyň başyny başlan hem-de türkmenistanlylaryň ýaşaýyş-durmuşynyň we dynç alşynyň hilini has-da ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň gerimli şähergurluşyk maksatnamasynyň üstünlikli durmuşa geçirilýändiginiň aýdyň mysalydyr. Paýtagtymyzyň häkimliginiň pawilýonlarynda bag nahallaryny, seýilgäh germewlerini, timarlaýyş we bezeg serişdelerini, mebelleri, aşhana enjamlaryny, aýna önümlerini öndürýän firmalaryň diwarlyklary we harytlary bar. Enjamlar we jemagat tehnikasy, ekologiýa we abadanlaşdyryş ýaly bölümleri hem görmek bolýar.
Obasenagat toplumynyň we söwda ulgamynyň hem-de welaýatlaryň häkimlikleriniň diwarlyklary sergide aýratyn orun eýeledi. Olarda ýokary hilli azyk önümleriniň köp görnüşleri görkezildi. Dokma senagaty ministrliginiň, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň, telekeçilik pudagynyň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň diwarlyklary, öndürýän önümleri sergä gelenlerde uly gyzyklanma döretdi.
Wideoşekiller arkaly tanyşdyrylyş çäresiniň biri milli Liderimiziň başyny başlan ägirt uly taslamasyny — «Aşgabat-siti» taslamasyny durmuşa geçirmäge bagyşlandy. Bu täsin toplumyň binalaryny ulanmakda, şäher hojalygynyň dolandyryş düzüminde sanly tehnologiýalar işjeň ulanylar. Bu taslama durmuşa geçirilende, «akylly» öýleriň gurluşygyna, jemgyýetçilik ulagynyň «akylly» duralgalarynyň enjamlaşdyrylyşyna uly ähmiýet berler. Bularyň ählisi hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän syýasatyň üstünlige eýe bolýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Gözden geçirilişiň esasy maksady diňe bir gazanylan üstünlikleri däl, eýsem, ykdysady pudaklaryň kuwwatyny, olary ösdürmekde amala aşyrylan düýpli özgertmeleri, esasysy bolsa, eziz Watanymyzy gülledip ösdürmäge gönükdirilen döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň netijeliligini görkezmekden ybaratdyr. Ýygnananlar döwlet Baştutanymyz Gurbanguly Berdimuhamedowa şu sergini guramaga döredilen mümkinçilik, ýurdumyzda maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmäge, onuň dünýä giňişligine goşulyşmagyna hem-de bäsdeşlige ukyplylygyny ýokarlandyrmaga uly üns berýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.
Dünýägözel Amangulyýewa,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy
Teswirler