Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy dünýä metbugatynyň sahypalarynda

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň VI Gurultaýynda eden taryhy çykyşynda şeýle belledi: «Garaşsyzlyk her bir ynsanda watançylyk duýgusyny ösdürýän mukaddes düşünjedir. Bu söz özünde ägirt uly many-mazmuny jemlemek bilen, merdana ata-babalarymyzdan bize miras galan eziz Watanymyzyň şöhratly geçmişine, şu gününe we beýik geljegine düýpli düşünmäge mümkinçilik berýär. Garaşsyzlyk baýramy ata-babalarymyzyň wesýet eden ynsanperwer ýörelgeleriniň doly durmuşa geçirilýändiginiň, özygtyýarly döwlet, adalatly jemgyýet hakynda asyrlarboýy edip gelen arzuwlarynyň hasyl bolandygynyň aýdyň subutnamasydyr».  Gahryman Arkadagymyzyň dana sözlerinden hem belli bolşy ýaly, garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, Watanymyzyň garaşsyzlygynyň mizemezligi döwletiň hem halkyň jebisliginde jemlenýär. Garaşsyzlyk biziň ýurdumyza halkara gatnaşyklarynyň doly hukukly agzasy hökmünde öz syýasy garaýşyny beýan etmäge mümkinçilik berdi. Türkmenistanyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy pugtalandyrmaga, Durnukly ösüş maksatlaryny netijeli durmuşa geçirmäge gönükdirilen energetika, ulag, suw diplomatiýasyndaky halkara başlangyçlary we iş ýüzündäki anyk ädimleri dünýä jemgyýetçiliginde giň goldawa eýe bolýar.    Mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygyny toýlaýan eziz Watanymyz Türkmenistan halkara neşirleriň ünsüni özüne çekýär. Bu şanly sene mynasybetli Diýarymyzda we daşary ýurtlarda dürli çärelerdir dabaralar geçirilýär hem-de Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistanyň gazanan üstünliklerine bagyşlanan, owadan bezelen ýörite neşirler çap edilýär.

 Baýramçylygyň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygyna bagyşlanyp, Türkiýe Respublikasynda “Yerli düşünce” we “Istanbool Today”, Awstriýa Respublikasynda “Galkynysh”, Hindistanda “Business Central Asia” hem-de Pakistanda “The Diplomatic Insight” žurnallarynyň ýörite sanlary neşir edildi.        

Dostlukly ýurtlarda çap edilen neşirlerde ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň taryhy, syýasatda, ykdysadyýetde, durmuş we hukuk ulgamynda, ylymda, medeniýetde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanlygynda gazanylan üstünlikler barada giňişleýin gürrüň berilýär. Şeýle hem Türkmenistanyň dünýäniň ýurtlary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmeginiň geljegi, sebitiň döwletleriniň arasynda hoşniýetli goňşuçylyk gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylyşy baradaky makalalar çap edildi.

Bu neşirlerde ýerleşdirilen makalalaryň awtorlary, hususan-da, görnükli syýasatçylar, ýokary okuw mekdepleriniň professorlary we mugallymlary, öňdebaryjy metbugat neşirleriniň ýolbaşçylary türkmen Bitaraplygynyň aýratynlygy, sebitde durnuklylygy saklamakda eýeleýän orny barada gürrüň berýärler. Şunuň bilen baglylykda, ýurdumyzyň energetika, ulag, suw diplomatiýalary babatda halkara başlangyçlary we anyk çäreleri barada aýratyn durlup geçilýär. Şol işleriň ählumumy parahatçylygyň we howpsuzlygyň pugtalandyrylmagyna hem-de Durnukly ösüş maksatlarynyň netijeli amala aşyrylmagyna gönükdirilendigi nygtalýar.

Ine biziň hem ýokary okuw mekdebimiz bolan, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň professor mugallymalary hem özleriniň neşirlerinde energetika we suw diplomatiýasy, halkara derejesindäki ýetilen sepgitleri we beýleki ugurlary açyk aýdyň açyp görkezdiler. Institutymyzyň Halkara hukugy we deňeşdirme hukuk öwreniş kafedrasynyň mugallymy Aýjan Omarowanyň suw dipolmatiýasy barada makalasy neşir edildi. Ählimiziň bilşimiz ýaly häzirki wagta suw diplomatiýasy daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Biziň institutymyzda hem 2017-nji ýylda Durnukly ösüş maksatlarynyň ylmy-usylyýet merkezi gurlup ulanylmaga berildi. Onda energetika diplomatiýasy, ulag hem-de suw diplomatiýasy ylmy- usulyýet merkezler hereket edýär.  Bu ýerde diňe bir institutymyzyň professor mugallymlary sapak bermän, eýsem beýleki ýokary okuw mekdepleriniň proffessor mugallymlary, alymlar, doktarlar we edara kärhanalaryň tejribeli işgärleri özleriniň gyzykly maglumatlary bilen çykyş edýärler.

.

UMYT ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň II ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok