Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ähli ugurlarda uly ösüşlere beslenýän Türkmenistan Garaşsyzlygynyň nurana ýoly bilen ynamly öňe barýar we dünýä jemgyýetçiliginde kuwwatly hem-de abadan döwlet, parahatçylyk dörediji merkez hökmünde abraýyny ýylsaýyn belende galdyrýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda Türkmenistan ykdysady taýdan kuwwatly ýurda öwrüldi. Häzirki günlerde ýurdumyz şanly Garaşsyzlygyň 30 ýyllyk ýubileý baýramyny ykdysady we ynsanperwer ölçeglerde uly ösüş mümkinçilikleri bolan, sebit hem dünýä ähmiýetli işlere işjeň gatnaşýan, durnukly ösýän döwlet hökmünde garşylamaga taýýarlyk görýär.
Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyz durmuş-ykdysady ulgamda öz baý tebigy serişdelerinden aýawly peýdalanmakda we içerki mümkinçiliklerini daşary syýasat bilen utgaşdyryp ösdürmekde, milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmak arkaly bazar gatnaşyklary ýörelgelerini pugtalandyrmakda hem-de halk hojalyk ulgamynyň işini döwrebap gurmakda belent sepgitlere ýetdi. Milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda giň gerimli sebit we milli maýa goýum taslamalaryny hem-de özgertmelerini durmuşa geçirmek boýunça degişli işler alnyp barylýar. Şeýle hem maliýe, salgyt-býujet, pul-karz, daşary ykdysady, nyrh emele getiriş syýasatynda özgertmeler üstünlikli amala aşyrylýar, ýokary we durnukly ykdysady ösüş üpjün edilýär. Mysal hökmünde Ahal welaýatynda gazdan benzin öndürýän, Balkan welaýatynda gazhimiýa ugurly toplumlarynyň gurlup, ulanylmaga berilmeginiň netijesinde döwrebap, tehniki-tehnologik taýdan ösen önümçiliklerde öndürilen önümlere daşary ýurtly işewürleriň ýokary isleg bildirýändiklerini, hasaba alynýan geleşikleriň sanynyň we söwdalardan gelip gowuşýan serişdeleriň möçberiniň artýandygyny görkezmek bolar.
Gahryman Arkadagymyzyň taýsyz tagallalarynyň netijesinde bu günki gün ýurdumyzda milli ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, elektron senagatyny ösdürmek, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň soňky gazananlaryna esaslanýan ösen ykdysadyýeti kemala getirmek, innowasion, ýokary tehnologiýaly, bäsdeşlige ukyply sanly gurşawy ösdürmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Ýurdumyzyň bank edaralary ylmyň iň soňky gazananlaryny we döwrebap usullaryny peýdalanyp, raýatlarymyza bank kartlarynyň üsti bilen amala aşyrylýan nagt däl hasaplaşyklaryň giň mümkinçiliklerini hödürleýär. Nagt däl hasaplaşyklaryň giňden ulanylmagy we bank kartlarynyň hyzmatlarynyň köpeldilmegi milli ykdysadyýetimiziň durnukly ösüşine hem amatly täsirini ýetirýär. Bank ulgamynyň sanlylaşdyrylmagynyň netijesinde hyzmatlaryň «Internet bank», «Mobil bank», «Elektron söwda», «Galtaşyksyz töleg» ýaly täze, döwrebap görnüşleri durmuşa geçirilýär. Banklar tarapyndan berilýän dürli görnüşdäki karzlaryň esasy bergilerini gaýtarmak we olara hasaplanan göterimleri tölemek, aragatnaşyk hyzmatlary üçin tölenýän tölegleri tiz we amatly usulda tölemek ýaly hyzmatlary ýerine ýetirmek üçin «Internet bank» we «Mobil bank» hyzmatlaryny ulanmaklyga mümkinçilik döredildi. «Internet bank» ulgamynda web brauzerler, «Mobil bank» ulgamyna banklar tarapyndan taýýarlanan ýörite mobil programma üpjünçiligi arkaly birikmek şerti ýola goýuldy. «Elektron söwda» hyzmaty hem ýurdumyzyň bank ulgamy tarapyndan durmuşa ornaşdyryldy. Bu hyzmata islegiň artmagynyň netijesinde nagt däl hasaplaşyk geçirmek arkaly elektron usulda täjirçilik işini alyp barýan telekeçileriň sany günsaýyn artýar. «Internet banking» ulgamynyň girizilmegi bank hyzmatlarynyň toplumyny öz içine alýar, hususan-da, müşderilere uzak aralykdan öz hususy serişdelerini dolandyrmaga, dürli töleg amallaryny we beýlekileri amala aşyrmaga mümkinçilik berýär.
Ýurdumyzda kiçi we orta telekeçiligi goldamak, milli önüm öndürijileriň taslamalaryny maliýeleşdirmek ugrunda degişli işler alnyp barylýar. Türkmenistanyň Prezidentiniň kiçi we orta telekeçiligi döwlet tarapyndan goldamak boýunça syýasatyny durmuşa geçirmek maksady bilen bank ulgamy tarapyndan ýeňillikli karzlar we daşary ýurt maliýeleşdiriş çeşmeleriň birnäçe görnüşleri bilen ýurdumyzyň hususy ulgamynyň gatnaşyjylary üpjün edilýär. Milli önüm öndürijilere berilýän goldawyň netijesinde halkyň isleglerini kanagatlandyrýan ýokary hilli önümleriň we hyzmatlaryň möçberi yzygiderli artýar. Hususy ulgamyň işjeňleri Aşgabat — Türkmenabat ýokary tizlikli awtoulag ýolunyň, Ahal welaýatynyň täze, döwrebap edara ediş merkeziniň we başga-da birnäçe iri taslamalaryň gurluşygyny ýokary depginde alyp barýarlar. Ýurdumyzyň elektron enjamlary senagaty ösüşini dowam edýär, türkmen önüm öndürijileri hojalyk we durmuş maksatly enjamlardan başlap, kompýuterlere çenli täze enjamlary we abzallary öndürmegi özleşdirýärler.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti tarapyndan ýurdumyzy ösen döwletleriň derejesine çykarmak hem-de kuwwatly durmuş ugurly ykdysadyýeti kemala getirmek syýasaty mähriban halkymyzyň abadançylygynyň has-da ýokarlanmagyna, ýurdumyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmegine gönükdirilendir. Halkymyzyň abadançylygy, rowaçlygy ugrunda ýadawsyz tagallalar edýän, bize şeýle ajaýyp zamanamyzda netijeli işlemäge şert döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli, döwlet ähmiýetli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!
Ataýewa Aknur,
Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynyň uly mugallymy
Teswirler