Lebap welaýatynyň wekiliýet topary Özbegistanyň Buhara welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 22-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekiliýet topary Özbegistanyň Buhara welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu baradaky habary turkmenportal.com habar saýty milli metbugatymyza salgylanyp habar berýär.

Habarda bellenilmegine görä, soňky ýyllaryň dowamynda Buharanyň wekiliýetçilikli topary ençeme gezek ýurdumyzyň Lebap welaýytynda iş saparynda bolup, özara ikitaraplaýyn bähbitli işler üçin birnäçe gepleşikleri geçirip gitdiler.

Goňşy döwletde saparda bolan welaýat, etrap häkimleri, hususyýetçiler, alyjylar jemgyýetiniň, oba hojalykçylar we medeniýet ulgamynyň wekilleri Buhara welaýatynda gepleşikleriň uly toparyny geçirdiler.

Türkmen wekiliýeti, iş saparyň çäklerinde, Garaköl etrabynda ýaňy-ýakynda ulanylmaga berlen medeniýet merkezi bilen tanyşdylar. Şeýle-de Halkara matematika mekdebine, Garaköl etrabynyň Saýat obasynyň ýanyndaky gowaça meýdanlaryna baryp gördüler.

Mundan başga-da türkmen wekiliýeti, dokma pudagy bilen, döwlet hyzmatlary gullugy bilen, oba hojalyk ulgamy bilen, senagat önümleri bilen içgin tanyşdylar. Iş saparyň çäklerinde türkmen wekiliýeti tarapyndan Bahaweddin Nagyşbendiniň ýadygärligine zyýarat edildi. Türkmen wekiliýeti beýleki taryhy ýadygärliklere hem baryp gördüler. Bu ýerde olara taryhy muzeýiň gymmatlyklary bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Baýramowa Maýa
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň uly mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok