Howa hukuklary – umumadamzat howpsuzlygy

Hukuk ulgamynda adam hukuklary, raýat hukugy, maşgala hukugy, zähmet hukugy, halkara hukuklar… ýaly düşünjeler bilen birlikde “howa hukugy” düşünjesi hem giňden ulanylýar. Munuň özi islendik bir ýurduň  dünýä arenasynyň howa giňişligindäki tutýan ornuny, hukuklaryny aňladyp, bu barada halkara derejesinde we döwlet derejesinde ýörite kanunlar, kodeksler kabul edilip, olar umumadamzat howpsuzlygynyň kepilnamasy hasaplanylýar.

Dünýä belli alymlaryň biri Siseron “Döwletde adalatlylyk oňat kanunlary kabul etmek arkaly amal edilýär” diýip örän jaýdar belleýär. Munuň özi hut biziň ýurdumyzda hem amal edilýän esasy ugurlaryň biri hasaplanylýar. Döwletimizde yzygiderli kabul edilýän kanunlar, Watanymyzda adalatlylygyň, agzybirligiň höküm sürmegi, halkymyzyň asuda we parahat ýaşamagy ugrunda edilýän aladalaryň aýdyň subutnamasydyr. Türkmenistan Watanymyz özüniň döwlet Garaşsyzlygyna we baky Bitaraplygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyzda kanunçylyk ulgamynyň gerimi has-da giňedi. Elbet-de, bu gysga döwrüň içinde gazanylan üstünlikler, ýetilen beýik sepgitler Siseronyň belleýşi ýaly ýurdumyzda oňat kanunlaryň kabul edilýändigini we olaryň agzybir halkymyz tarapyndan biragyzdan goldanylyp, oňa amal edilýändini alamatlandyrýar.

Döwletimizde şeýle kanunlardan dolandyryş-çäk ulgamyndaky howa hukuklarymyzy goramak, şeýle hem bu ugurdan ählumumy howpsuzlygy üpjün etmek maksady bilen 2012-nji ýylyň 12-nji ýanwarynda tassyklanan “Türkmenistanyň howa kodeksi” kabul edildi we oňa soňky ýyllaryň dowamynda birnäçe goşmaçalar we üýtgetmeler hem girizildi. Bu kodeks 16 bapdan, 133 maddadan ybarat bolup, onda döwletimiziň howa hukuklary barada giňişleýin bellenilip geçilýär. Kodeksiň baplarynda howa giňişliginden peýdalanmak, howa gämiler, awiasiýa işgärleri, aerodromlar we aeroportlar, howa gämileriniň uçuşlary, halkara uçuşlar, awiasiýanyň işine bikanun gatyşmagyň öňüni almak, gözleg we heläkçilikde halas ediş işleri, uçuşlaryň howpsuzlygy we awiasiýa wakalaryny derňemek, howa arkaly daşaýyşlar, awiasiýa işlerini geçirmek, awiasiýany peýdalanmak bilen baglanşykly işler amala aşyrylanda ulanyjylaryň borçlary we jogapkärçilikleri, nägilelikleri we hak isleýişleri bildirmek ýaly ugurlar barada ýörite maddalar bellenilýär. Olarda howa hukuklarynyň goralmagynyň adamzat durmuşyndaky orny barada çuňňur maglumat berilýär.

Daşky gurşawy we atmosfera howasyny goramak bir biziň ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýüzünde esasy meseleleriň biri hökmünde öwrenilip, ençeme kanunlar, kodeksler kabul edilýär. Olardan BMG-niň Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýasy (KÜÇK) 1992-nji ýylyň maý aýynda  Rio-de-Žaneýroda BMG-niň  Daşky gurşaw we ösüş baradaky konferensiýasynda (Ýer sammiti) kabul edildi we 1994-nji ýylyň mart aýynda güýje girdi. BMG-niň Ösüş maksatnamasy, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy, giň möçberli Ekologiýa gaznasy we beýlekiler ýaly abraýly halkara düzümleri bilen bilelikde milli hem-de sebitleýin derejelerde ekologiýa maksatnamalarynyň we taslamalarynyň onlarçasy durmuşa geçirilýär.

Türkmenistanyň Prezidenti 2015-nji ýylyň 25-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 70-nji mejlisinde sözlän sözünde howanyň üýtgemegi bilen baglanyşykly mesele boýunça  şeýle belläp geçdi: “Şu gün biz ýakyn 15 ýyl üçin bilelikdäki hereketleriň maksatnamasy hökmünde Durnukly ösüş maksatlaryny kabul edýäris. Şeýlelik bilen,  howanyň üýtgemeginiň we ekologiýanyň meselelerini çözmezden, Ýer ýüzüniň döwletleriniň we halklarynyň durmuş-ykdysady ösüşini gazanmagyň mümkin däldigine aýdyň düşünýäris. Şunuň bilen baglylykda, Birleşen Milletler Guramasynyň, onuň Baş Sekretarynyň ählumumy ekologiýa töwekgelçiliklerini azaltmak boýunça täsirli çäreleri  taýýarlamaga gönükdirilen tagallalaryny goldaýarys. Birleşen Milletler Guramasynyň soňky ýyllarda ýokary derejede  geçirilen duşuşyklary we halkara maslahatlary dünýäde atmosferany goramak meselelerini çözmäge uly goşant goşdy… Bu teklipleriň hatarynda Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlyk etmekde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin howanyň üýtgemegi boýunça Sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjy görkezmek bolar. Türkmenistan bu garaýşa ygrarly bolup, Birleşen Milletler Guramasynyň Ösüş maksatnamasy bilen bilelikde 2016-njy ýylda Aşgabatda şeýle merkezi döretmek üçin zerur işleri geçirmäge taýýardygyny bellemek isleýärin”. Şeýle hem 2019-njy ýylyň sentýabr aýynda howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasynyň rejelenen görnüşi tassyklanyldy, ýurdumyzda howanyň täsirini meýilnamalaşdyrmak we ony seljermek boýunça alnyp barylýan yzygiderli işiň nobatdaky tapgyryna badalga berildi.

Bu gün tutuş dünýäde durnukly durmuş-ykdysady ösüşiň howanyň üýtgemeginiň ýaramaz täsirini peseldip biljekdigine hem-de oňa ykdysadyýetiň we jemgyýetiň uýgunlaşmagyny üpjün etjekdigine göz ýetirmek barha işjeň häsiýete eýe bolýar. Tutuş adamzat üçin möhüm meseleleriň çözgüdine gönükdirilen halkara tagallalarynyň utgaşdyrylmagyna Türkmenistan jogapkärli çemeleşýär we bu işe mynasyp goşant goşýar. Çünki, bilelikdäki iş hem-de mümkinçilikleriň utgaşdyrylmagy dünýäde parahatçylygy we durmuş üpjünçiligini saklamagyň ýeke-täk ugrudyr.

.

Umyt ANNAGYLYJOWA,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara hukugy fakultetiniň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok