Daşoguz welaýatynyň wekiliýet topary Özbegistanyň Horezm welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy

Hormatly Prezidentimiziň ýakynda gol çeken Buýrugyna laýyklykda, 23-nji sentýabrda Lebap welaýatynyň wekiliýet topary Özbegistanyň Buhara welaýatyna iş saparyny amala aşyrdy. Bu baradaky habary turkmenportal.com habar saýty milli metbugatymyza salgylanyp habar berýär.

Türkmen wekiliýetiniň düzümi welaýat we etrap häkimlerinden, oba hojalyk, telekeçilik, alyjylar jemgyýetleri hem medeniýet ulgamynyň işgärlerinden ybarat. Bu wekiliýet Horezm welaýatynyň Şawat etrabynda şowhunly garşylandy.

Günüň başynda türkmen wekiliýeti welaýatyň oba hojalygynda alnyp barylýan işler bilen içgin tanyşdylar. Soňra türkmen wekiliýeti Horezm şäheriniň merkezi Ürgenç şäherinde tarap ýol aldylar. Ol ýerde şäherdäki bilim ojaklary bilen, medeniýet ulgamy bilen içgin tanyşdyryldy.

Türkmen-özbek dostlugynyň milli merkezinde uly dabara geçirildi. Dabaranyň dowamynda bu merkeziň ýolbaşçysy Döwletnazar Rejepbaýew iki goňşy halkyň asyrlardan gözbaş alýan dost- lugynyň häzirki döwürde has-da pugtalanýandygy, bu mizemez dostlugyň şu merkeziň işlerinde aýdyň şöhlelenýändigi barada gür- rüň berdi. Şu ýerde goňşy döwletiň golaýda bellenilen Garaşsyzlyk baýramynyň şanyna döredilen medallary gowşuryş dabarasy hem boldy. Ürgenç şäheriniň ýokary okuw jaýlarynda okaýan türkmen talyplarynyň uly toparyna medallar gowşuryldy. Türkmen toparynyň agzalary bu şäheriň gözel künjeginde oturdylan Magtymguly Pyragynyň heýkeline gül desselerini goýdular.

Jumadow Arslan
S. A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň Aşgabat şäherindäki
agrosenagat orta hünär mekdebiniň mugallymy

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok