2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 24-ine Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki wideo aragatnaşykly eden çykyşyna bagyşlaynyp çäre geçirildi.
Çäräniň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy mejlisindäki durup geçen pudaklary barada çykyşlar edildi. Dünýäniň häzirki ýagdaýy, syýasy, ykdysady, durmuş prosesleriniň häsiýeti we aýratynlyklary umumy baş maksada ýetmek ugrunda ählumumy parahatçylygy, howpsuzlygy, mundan beýläkki okgunly ösüşi, häzirki zaman dünýä tertibiniň binýadynda goýlan hukuk we institusional esaslary saklamak üçin şertleri üpjün etmegiň bähbidine döwletleriň hem-de iri halkara guramalaryň has ysnyşykly we utgaşykly gatnaşyklary barada boldy.
Duşuşygyň ahyrynda çärä gatnaşanlar hormatly Prezidentimize ýurdumyzyň dünýa derejesinde alyp barýan syýasatyna we halkymyzyň saglygyny we abadançylygyny goramakda alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdiler we çäksiz alkyşlar aýtdylar.
.
Nurmuhammet Çaryýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara jurnalistikasy fakultetiniň talyby.
Teswirler