Saglyga peýdaly pisse

Güýz we gyş aýlarynda her bir adamyň bedeni kesele garşy durnuklylygy berkitmäge mätäç bolýar. Howanyň üýtgemegi, sowuk howanyň täsiri we ýokanç keselleriň ýaýramagy saglyga ýaramaz täsir edýär. Sazlaşykly iýmit bilen güýzde sowuklama howpuny peseldip we bedeniň kesele garşy durnuklylygyny berkidip bolar.

Gyş paslynda adam bedenine kalsiý we beloga baý bolan süýt, ýogurt, gatyk, peýnir, ýumurtga, et, towuk eti we balyk, bedene ýaramly önümler bolup durýar. Hoz, badam, pytnyk we pisse ýaly önümler hem köp kesellerde peýdalydyr. Olardan pisse barada aýratyn durup geçsek, pisse gadym döwürlerden bäri dermanlyk serişde hökmünde ulanylyp gelinýär. Gadymy döwürlerde pisse bilen üsgülewük, ýürek bulanma, gaýtarma, içege agyrylary we bagyr keselleri bejerilipdir. Häzirki zaman lukmançylygynda pisse hozy ysgynsyzlykda, döş kesellerinde we ganazlykda ulanylýar.

Pisse maňzy antioksidant, antibakterial, antiwirus, sowuklama garşy, çişlere garşy, agyry azaldyjy we antidiabetik häsiýetlere eýedir. Türkmenistanda pissäniň iki görnüşi – Bathyz pissesi we adaty pisse ösýär. Eýran bilen ABŞ pisse ýetişdirmekde dünýä liderleri bolsa-da, ýurdumyzyň günortasynda ösýän hytaýlylaryň «bagt hozy» diýip atlandyrýan pissesi hili babatda belli eýran pisselerinden pes däl. Soňky dört ýylda türkmen hünärmenleri pisse we badam agaçlaryny ýetişdirmek boýunça ylmy-amaly işleri alyp barýarlar.

Ýokary kaloriýaly pissäniň ýagjymak maňzynda magniý, sink, kaliý, marganes, mis, fosfor, şeýle hem B topar witaminleri ýa-da belogy siňdirmäge we ýaglary gidermäge mümkinçilik berýän, ýagny alyş-çalyşda esasy madda – biotin bar. Pissäniň düzüminde seleniň köp bolmagy bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny güýçlendirýär, eger-de bedene agyr metallaryň duzy täsir edýän bolsa, şol element zäherlenmäniň öňüni alýar.

Toýly BÄŞIMOW,

S.A.Nyýazow adyndaky
TOHU-nyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok