GARAŞSYZLYK ÝYLLARYNDA GAZANYLAN MÜMKINÇILIKLER

Hormatly Prezidentimiziň başlangyjy bilen her ýyl ýurdumyzyň halk hojalygynyň gazananlary sergide görkezilýär. Ine şu ýyl hem ýurdumyzyň baş baýramynyň öňüsyrasynda däp bolşy ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda iki günlük sergi geçirildi. Sergi milli ykdysadyýetimiziň gazanan üstünliklerini, ýeten beýik sepgitlerini  açyp görkezmäge mümkinçilik döretdi.

Serginiň açylyş dabarasyna ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary bilen bir hatarda jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, şeýle-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşdylar.

Bu ýerde döwlet edaralarydyr hususy kärhanalaryň onlarçasy tarapyndan öndürilen ýerli önümleriň tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi. “Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” şygary astynda geçýän şu ýylymyzda Söwda-senagat edarasy tarapyndan guralan bu gözden geçiriliş sergisi aýratyn ähmiýete eýe boldy.

Serginiň diwarlyklarynda ýurdumyzyň ýangyç-energetika toplumynyň –  “Türkmengaz”, “Türkmennebit”, “Türkmenhimiýa” döwlet konsernleriniň, deňiz, awtoulag, demir ýol we howa gatnawlar pudagynyň – “Türkmenawtoulaglary”, “Türkmendemirýollary”, “Türkmenhowaýollary”, “Türkmendeňizderýaýollary” hem-de “Türkmenaragatnaşyk” agentlikleriniň,  gurluşyk düzümleriniň hatarynda –  “Ussat Inžener”, “Ak Bulut”, “Derýaplastik”, “Ugurly ýol”, “Berk menzil gurluşyk”, “Senagat plastik” ýaly kärhanalarynyň we beýlekileriň gazanan üstünlikleri, ýeten sepgitleri we täze görnüşli önümleri sergilendi.

Şular ýaly ýokary derejedäki sergileriň guralmagy ýurdumyzyň özgertmeleriň ýoly bilen ynamly öňe barýandygyny şeýle-de mundan beýläk-de möhüm işleriň durmuşa geçirilmegine uly itergi berýändigini bellemek gerek.

Gaýgysyz KERIMOW,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok