Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary netijesinde, milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmek we ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da ýokarlandyrmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. Muňa döwlet Baştutanymyzyň başlangyçlary bilen Diýarymyzda halk hojalygynyň ähli pudaklaryna sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak arkaly ýurdumyzyň ykdysady kuwwatyny we senagat mümkinçiliklerini artdyrmak boýunça amala aşyrylýan ägirt uly işler hem aýdyň şaýatlyk edýär.
Mälim bolşy ýaly, milli Liderimiz döwlet Baştutanlygyna girişen ilkinji gününden başlap, ykdysadyýetimizde doly sanly ulgamy ornaşdyrmaga we ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmäge aýratyn üns berýär. Ýurdumyzda durmuşa geçirilýän sanly özgertmeleri anyk we üstünlikli amala aşyrmak maksady bilen, sanly ulgam babatda kanunçylyk binýady yzygiderli berkidilýär. Bu ugurda möhüm resminamalar yzygiderli kabul edilýär we üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Berkarar ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmaklyk milli Liderimiziň degişli Karary bilen tassyklanan «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasyna» laýyklykda, üstünlikli alnyp barylýar. Ony amala aşyrmaklygyň çäklerinde milli ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmak we ähli ulgamlaryň maddy-enjamlaýyn bin ýadyny berkitmek babatda ýokary netijeler gazanylýar.
.
Batir Sadullaýew,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.
Teswirler