Howpsuzlygyň kepili – Türkmenhowaýollary

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň uly göwrümli maksatnamalary arkaly ýurduň ösüşiniň täze tapgyry üçin esaslar goýuldy. 2021-nji “Türkmenistan-parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylymyzda, ýagny Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýy toýlanýan ýylynda hem halkara hyzmatdaşlygynyň pugtalamagynda we işjeňliginde, durnukly ösüşi üpjün edip, halklaryň bolalynlykda gazanmakda kesgitleýji orun eýeleýän bu özgertmeleriň, giň gerimli maksatnamalary durmuşa geçirmekde üstünlikler gazanylýar. Bu üstülikler bolsa ata Watanymyzyň halkara abraýyny belende göterilmegine mümkinçilik döredýär. Bu ösüşleriň aýdyň subutnamasy hem 2021-nji ýylyň sentýabr aýynyň 21-ne we 22-sine “Söwda we senagat” edarasynda gurnalan sergidir. Sergä gatnaşanlaryň arasynda hem uly depginde ösüp barýan “Türkmenhowaýollary” agentligi özüniň ösüşi barada giň maglumatlar berdiler. ”Türkmenhowaýollary” agentliginiň uçar belendi biz synlaýjylara gyzykly maglumatlar aýtdylar:

Türkmenistanyň Garaşsyzlyk ýyllarynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparky jemi 2050,9 mln amerikan dollaryndan we 124,8 mln ýewrodan gowrak möçberinde dolulygyna täzelendi. Dünýa belli kompaniýalaryň 28 sany dikuçarlary, şol sanda “Boeing” dünýa belli Amerikan komponiýasyndan 21 sany howa gämisi satyn alyndy. 2021-nji ýylyň ýanwar aýynda “Türkmenhowaýollary” agentliginiň awiaparkyna “Boeing 777-200LR” täze howa gämisi gelip gowuşdy diýip adamlaryň ünsüni özüne çekdi.

.

Resul Gylyjow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň
Halkara ykdysady gatnaşyklary
fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok