Garaşsyzlyk alyp galkynan, Bitaraplyk alyp beýgelen ata Watanymyz Türkmenistan her bir gününi toý-baýramlara besläp, 2021-nji “Türkmenistan parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” ýylynda uly dabara bilen belleniljek döwlet özygtyýarlygymyzyň şanly 30 ýyllyk baýramçylygyna günsaýyn golaýlaşýar. Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow şeýle diýýär: “Türkmen döwletliliginiň goşa ganaty bolan Garaşsyzlyk hem-de Bitaraplyk ata Watanymyzy ösüşiň täze belentliklerine alyp barýan uly güýçdür”. Milli Liderimiziň belleýşi ýaly Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk diýen iki mukaddes düşünje birleşip, ýurdumyzy ösüşlere, ýeňişli menzillere alyp barýan goşa ganata öwrüldi diýsek hakykatdan daş düşmeris.
Garaşsyzlyk, hemişelik Bitaraplyk bu türkmen halkynyň döwletliliginiň goşa ganatydyr. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň ösüşiniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründäki bedew batly gadamlary Hormatly Prezidentimiziň durmuşa ornaşdyrýan parasatly döwlet syýasatynyň, şeýle-de hem sebitiň we dünýäniň ösüşine uly ýardam edýän beýik başlangyçlaryň oňyn netijelerini äleme äşgär etdi. Berkarar Watanymyz geçen sanlyja ýylyň içinde syýasatda, ykdysadyýetde, medeniýetde, ýaşaýyş-durmuş ulgamlarynda aýratyn hem daşary syýasatda uly ösüşlere beslenip, dünýä derejesindäki abraýyny has hem belende galdyrdy. Ähli döwletleriň durnukly, durmuş-ykdysady ösüşini we rowaçlygyny hem-de dünýä halklarynyň abadançylygyny, parahatçylygyny hem-de ählumumy howpsuzlygy üpjün etmegiň bähbidine giň halkara hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak hormatly Prezidentimiziň «Açyk gapylar» syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň saýasynda erkana dem alýan Türkmenistan halkara gatnaşyklary ulgamynda uly abraýa eýe boldy. Milli Liderimiziň hut özüniň baştutanlygynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň dünýäniň köp döwletleri bilen diplomatik gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de döwletimiziň halkara guramalarynyň 40-dan gowragynyň agzasy bolmagy guwandyryjy ýagdaýdyr. Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan Türkmenistanyň daşary syýasaty bu gün ösüş depgini, häzirki zamanyň hemmetaraplaýyn meselelerini çözmäge jogapkärli we täzeçil çemeleşmeleri, özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygyň täze ugur-ýollaryny gözleýändigi bilen tapawutlanýar. Düýpli halkara başlangyçlar we çuň özgertmeler Türkmenistany dünýäniň öňdebaryjy ýurtlarynyň hataryna çykarmaga, halkara gatnaşyklary ulgamynda onuň mynasyp ornuny üpjün etmäge mümkinçilik berýär. Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk derejesine sebitde durnuklylygy we howpsuzlygy üpjün etmegiň, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlary durmuşa geçirmegiň, halkara möçberinde wajyp meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň we olary çözmegiň möhüm serişdesi hökmünde garalýar. Garaşsyzlyk we baky Bitaraplyk biziň milli buýsanjymyz, ösüşlerimiziň ak ýoly, bagtymyzyň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk toýumyz bolsa biziň ruhubelentligimiziň baýramydyr.
Muhammet GELDIMYRADOW,
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň talyby.
Teswirler