Dünýa bilen aýakdaş

Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk şanly senesi dabaraly bellenjek “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip atlandyrylan 2021-nji ýylyň 21-22-nji sentýabr aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän sergä ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň ähli ulgamlaryna wekilçilik edýän esasy döwlet düzümleri we hususy ulgamyň kärhanalary gatnaşýarlar. Bu sergä ýurdumyzda öndürilýän oba hojalygy, azyk senagaty, senagat önümçiligi, gurluşyk materiallary we elektroenjamlaryň önümçiligi we beýlekiler boýunça işleýän hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, öz gazanan üstünliklerini görkezýärler.

Olaryň hatarynda “Agzybirlik Tilsimaty” hususy kärhanasy özüniň öndürýän elektroniki enjamlary bilen ýagny, dürli ölçeglerdäki monitorlar, kompýuteriň sistema blogy, uly noutbuklar we ýörite çagalar üçin niýetlenen kiç noutbuklar, wideokartalar, syçanjyklar we klawiaturarlar, “Saglyk” atly akylly sagatlar, enelik platalar, ştrih kod skanerleri öndürmek bilen halkyň söýgüsini gazanandyklaryny şaýatlyk edýär.

Telekeçi Azat Çörekliýew kärhananyň 2018-nji ýylda açylandygy barada hem-de geljekde has ýokary hilli, dürli elektroniki enjamlary öndürmekligi gürrüň berdi. Sergä gatnaşyjy hususy telekeçiler döwlet tarapyndan berilýän çäksiz goldawlary üçin hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

.

Jumagylyjow Döwlet,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara
ykdysady gatnaşyklary fakultetiniň 2-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok