Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň her bir güni şanly wakalara, toý-baýramlara beslenýär. Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanyna tutulýan bu uly toýlar bagtyýar halkymyzyň milli buýsanjyny barha arşa göterýär. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Garaşsyzlyk täze many-mazmuna, döwrebap öwüşgine eýe bolup, agzybir halkymyzy belent maksatlara ganatlandyrdy, täze ýeňişlere ruhlandyrdy.
Bu gün Garaşsyz, bitarap Watanymyz uly ösüşlere, tutumly toýlara, şanly hem taryhy wakalara beslenýär. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllyk toýuny garşylaýan şu günlerimizde geçirilýän dabaraly çärelerde ýaňlanýan aýdym-sazlarda ýurdumyzyň ösüş-özgerişleriniň, halkymyzyň erkana, eşretli durmuşynyň waspy ýetirilýär. Ýurt Garaşsyzlygy halkymyza erkana zähmet çekmek bagtyny berdi. Garaşsyzlyk bilen galkynan halkymyz beýik sepgitlere eýe boldy, uly işleri amal etdi.
Garaşsyzlyk — halkyň göwün guwanjy. Bu ganatly söz 30 ýyldan bäri dilimiziň senasy, kalbymyzyň joşguny. Elbetde, 30 ýyl taryh üçin uly döwür däl, emma bu ýyllar içinde asly halal türkmen halkymyz arman-ýadaman, agzybirlikli, irginsiz zähmet çekip, özüniň okgunly ösüşi bilen ata Watanymyzy kuwwatly, ösen döwletleriň hataryna goşmagy başardy. Muňa Garaşsyzlyk ýyllary içinde Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda gazanylan üstünlikleriň, milli ykdysadyýetimizde, ähli pudaklarda gazanylýan buýsançly netijeleriň mysalynda-da aýdyň göz ýetirmek bolýar.
Milli ykdysadyýetiň pudaklarynda, syýasatda, medeni-durmuş ulgamlarynda bedew bady bilen ynamly öňe barýan eziz Diýarymyzda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 30 ýyllygy giňden dabaralandyrylýar. Bu şanly senäni ähli babatda mynasyp zähmet üstünlikleri bilen garşylamak hyjuwy il-ulsumyzy, edara-kärhanalaryň zähmet toparlaryny, ähli türkmenistanlylary has belent sepgitlere ruhlandyrýar.
Goý, Diýarymyzda giň gerimli özgertmeleriň başyny başlap, halkymyza eşretli durmuşy bagyş eden Gahryman Arkadagymyzyň jany sag, belent başy aman bolsun!
Aýna MÄMMEDOWA,
D.Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
mugallymy.
Teswirler