Bereketli saçagyň bezegi

21-22-nji sentýabr aralygynda Söwda-senagat edarasynda ata Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli iki günlük sergi öz işine başlady. Söwda-senagat edarasynyň guramagynda geçirilýän sergä hususy kärhanalar we hojalyk jemgyýetleri gatnaşyp, ýurdumyzda öndürilýän azyk senagaty, söwda, syýahat, ylym-bilim, IT-tehnologiýalary, hyzmatlar, türkmen milli haly önümleri, gurluşyk materiallary, halk senetçiligi we başgalar gatnaşdylar.

Olaryň içinde gaplanylan gök önümleri, maýonez we üwmeç öndürmeklige ýöriteleşdirilen Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň Ak bugdaý etrabynda ýerleşýän “Owadan ülke” hojalyk jemgyýetiniň “Nur” kärhanasy gatnaşdy. Bu kärhanada pomidor üwmeji, maýonez, kömelekli, sarymsakly we peýnirli souslar, marinada ýatyrylan gök önümler, marinada ýatyrylan öý hyýary we pomidory, tomat goýutmasy, nahar duzy, ýokary hilli tüwi, greçka ýarmasy, bugdaý uny, gerkules, gyzyl merjimek, mäş ýaly önümler öndürilýär.

Telekeçi Bekmämmedow Döwran “Nur” kärhanasy Türkmenistanda ilkinji gezek maýonez öndürip başlan kärhanadygyny we bu kärhanada her günde gaplanylan önümlerden 8 tonna golaýy öndürilýändigini belläp geçdi. Şeýle hem, “Mylaýym” görnüşli maýonezi ilkinji gezek ýurdumyzda öndürilýän pagta ýagymyzy goşup öndürendigini belläp geçdi. Sergä gatnaşyjy telekeçiler hormatly Prezidentimiziň telekeçiligi ösdürmek babatyndaky alyp barýan syýaýastyna öz alkyş sözlerini aýtdylar.

.

Jemşit Jeýhunow,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň
Halkara gatnaşyklary institutynyň Halkara ykdysady
gatnaşyklary fakultetiniň 1-nji ýyl talyby.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok