Türkmenistanyň Prezidenti Ermenistanyň ýolbaşçylaryny ýurduň Garaşsyzlygy bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkynyň hem-de Hökümetiniň adyndan, şeýle hem hut öz adyndan Ermenistan Respublikasynyň Prezidenti Armen Sarkisýana we Ermenistan Respublikasynyň Premýer-ministri Nikol Paşinýana hem-de bu ýurduň dostlukly halkyna Ermenistan Respublikasynyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer we beýleki ugurlar boýunça gtanaşyklaryň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirdi we şu ýakymly mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Armen Sarkisýana hem-de Premýer-ministr Nikol Paşinýana berk jan saglyk we bagt, Ermenistanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, abadançylyk we rowaçlyk arzuw etdi.

Teswirler

Bu makala hakynda teswir ýok