Türkmenistan — parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany ýylymyzda halkymyz bedew bady bilen mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna barýar. Bu baýram halkymyzyň asyrlar boýy arzuwlap ýeten mukaddesliginiň toýy. Biz bu gün Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe amala aşyrylýan beýik özgertmeleriň mekanynda ýaşaýarys. Bu günki ösüş-özgerişler taryha altyn harplar bilen ýazylyp geljege aýdyň ýol açýar. Halkymyz häzirki döwürde eşret akabasyna ganyp, bolelinligiň, bagtyýarlygyň saýasynda ýaşaýar.
30 ýylyň içinde mukaddes Garaşsyzlygymyzyň bize beren datly miwelerini ýekänme-ýekän sanap geçmek aňsat däl. Soňky ýyllary alanymyzda-da, ýurdumyzyň ösüşlerine doly göz ýetirmek bolýar. Garaşsyzlyk milli ruhy we maddy gymmatlyklarymyzy dikeltmäge, müňýyllyklardan gözbaş alyp, nesilden-nesle geçip gelýän parahatçylyk, dostluk we belent ynsanperwerlik däplerimizi Ýer ýüzünde giňden dabaralandyrmaga mümkinçilik berdi.
Şäherlerimiziň we obalarymyzyň keşbi düýpli özgerdi. Ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary, orta we ýokary okuw mekdepleri, çagalar baglarydyr saglyk merkezleri, önümçilik we durmuş maksatly iri kärhanalar, häzirki zaman ulag, aragatnaşyk ulgamlaryny öz içine alýan döwrebap etraplar, şäherler we obalar guruldy. Türkmenistan bütin dünýäde parahatçylygy, ählumumy howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek ugrunda halkara gatnaşyklarda uly üstünlikleri gazandy. Garaşsyz Diýarymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýy Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edildi, paýtagtymyzda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezi açyldy. Bu gün Türkmenistanyň daşary syýasat ýoly bütin dünýäde ykrarnamasyny tapdy, halkara gatnaşyklarda ýurdumyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesinden gelip çykýan we milli Liderimiz tarapyndan öňe sürülýän oňyn, parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlar umumadamzat meselelerini çözmekde giň goldawa eýe bolýar.
Halkyny baky bagtyýarlyk zamanasynda, eşretli günlerde ýaşadýan Arkadag Prezidentimiziň jany sag ömri uzak belent başy aman bolsun!
Selbi BATYROWA,
D.Azady adyndaky Türkmen
milli dünýä dilleri institutynyň
mugallymy.
Teswirler